Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň mejlisi geçirildi
12:50 15.10.2025 2775
13-nji oktýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň türkmen we rus tarapynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi.
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary M.Husnulliniň ýolbaşçylygynda Aşgabada sapar bilen gelen wekiliýetiň agzalarynyň türkmen tarapynyň wekilleri bilen duşuşygy iki ýurduň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň maksat edinilýändigini görkezýär.
Taraplar türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygyny ähli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar. Şunda ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek, täze özara bähbitli taslamalary amala aşyrmak we bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerden doly derejeli peýdalanmak bilen bagly meselelere aýratyn üns çekildi. Mejlisiň dowamynda türkmen we rus tarapynyň wekilleri şu gezekki duşuşygyň tagallalary birleşdirmek, bilelikdäki strategiýalary işläp taýýarlamak babatda möhüm meýdança bolup durýandygyny bellediler.
Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklar uzak möhletleýin häsiýete eýe bolup, deňhukuklylyk, ynanyşmak, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda alnyp barylýar.
Häzirki wagtda Türkmenistan we Russiýa diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, köptaraplaýyn formatlarda-da netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Birleşen Milletler Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýaly ählumumy we sebit guramalarynyň çäklerinde öňe sürülýän halkara başlangyçlaryň hem-de teklipleriň, şol sanda Hazarýaka hyzmatdaşlyk boýunça başlangyçlaryň özara goldanylmagy munuň aýdyň güwäsidir. Şunuň bilen baglylykda, taraplar ýakynda Täjigistan Respublikasynyň paýtagtynda geçirilen “Merkezi Aziýa — Russiýa” ikinji sammitine we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine ünsi çekdiler.
Mejlisiň dowamynda ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de hyzmatdaşlygyň geljekki meýilnamalary kesgitlenildi. Iki dostlukly ýurduň wekilleri giň gerimli maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny tassykladylar hem-de netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek babatda anyk tekliplerini beýan etdiler.
Netijeli ýagdaýda geçen mejlisiň jemleri boýunça birnäçe resminamalara — Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň 13-nji mejlisiniň Teswirnamasyna, şeýle hem bilim ulgamynda, iki ýurduň haryt-çig mal biržalarynyň arasynda, oba hojalyk we atçylyk pudagynda, gümrük gulluklarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky resminamalara gol çekildi.
Birža söwdalarynda daşary ýurtly we ýerli işewürler ýangyç-energetika toplumynyň önümlerini satyn aldylar
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy.
Türkmenistanyň Prezidenti we Pakistanyň Premýer-ministri telefon arkaly söhbetdeşlikde energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar
31-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarifiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Türkiýäniň Prezidenti ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar
30-njy martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi diýip, TDH habar berýär.
«Demirgazyk akymy» bilen bagly ýagdaý zerarly Ýewropada gaz 30% gymmatlady
«Demirgazyk akymy» gaz geçirijisiniň togtamagynyň dowam etmegi netijesinde Ýewropada gazyň spot bahasy 30%-e golaý ýokarlanyp, müň kub metrine 2900 dollara ýetdi diýip, Interfaks habar berýär.
Bilermen ÝB-de gazyň bahalarynyň aňry çäginiň girizilmegine mümkin bolan jogaby barada aýtdy
Ýewropada rus gazynyň bahasyna aňry çägiň girizilmegi beýleki iberijiler tarapyndan ýaramaz kabul edilip bilner, olar geljekde, ýagny baha çägi girizilende ibermeleriniň bahalaryny aşaklatmak islemeseler gerek diýip, Vygon Consulting kompaniýasynyň barlaglar boýunça direktory Mariýa Belowa Ria Nowosti agentligine gürrüň berdi.