Türkmenistanda çüýşe önümlerini öndürýän täze önümhana işe girizildi
17:46 09.09.2025 4510
8-nji sentýabrda Aşgabadyň demirgazygyndaky senagat toplumynyň çäginde kuwwatlylygy bir gije-gündizde 100 tonna çüýşe önümlerini öndürýän täze önümhana açyldy. Açylyş dabarasyna Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
Täze önümhana «Türkmen aýna önümleri» zawodyna degişli. Ýerli çig mal binýadyna daýanylmagy bu taslamanyň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Ýurdumyzda aýna önümçiligi üçin zerur bolan ýokary hilli kwars çägesiniň, dolomitiň, hek daşynyň, natriý sulfatynyň baý gorlary bar. Ýerli çig malyň ulanylmagy diňe bir önümiň özüne düşýän gymmatyny peseltmek bilen çäklenmän, eýsem, önümçilik prosesiniň bökdençsiz dowam etmegini-de üpjün edýär.
Bu taslama daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri ýola goýmak boýunça giň möçberli döwlet maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyryldy.
Täze kärhana dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýokary tehnologiýaly döwrebap enjamlary bilen üpjün edildi. Öňdebaryjy tehnologiýalar, şol sanda awtomatlaşdyrylan dolandyryş we hil gözegçilik ulgamlarynyň ornaşdyrylmagy bu ýerde öndürilýän önümleriň iň ýokary standartlara laýyk gelýändigine şaýatlyk edýär. Munuň özi kärhana üçin diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, halkara bazarlarda hem giň mümkinçilikleri açýar.
Şeýle-de täze kärhananyň döredilmeginiň möhüm durmuş ähmiýeti bar. Zawod ýerli ilaty ýüzlerçe täze iş orny bilen üpjün eder. Ýokary hünär derejeli inženerler, tehnologlardyr işgärler öz ukyp-başarnyklaryny döwrebap önümçilikde ulanarlar.
Germaniýanyň «Horn Glass Industries» kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji direktory Stefan Erwin Meindl aýna gaplaryň peýdaly artykmaçlyklary barada aýdyp, täze kärhananyň bir gije-gündiziň dowamynda ekologik taýdan arassa gaplyk çüýşe önümleriniň 100 tonnasyny öndürmäge ukyplydygyna ünsi çekdi. Işewür Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministrine täze kärhanada ornaşdyrylan enjamlaryň Germaniýa Federatiw Respublikasynda hereket edýän we halkara derejede kabul edilen standartlara doly laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamany gowşurdy.
Italiýanyň «Vetromeccanica Srl» kompaniýasynyň wekili Alessandro Nigro Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministrine çüýşe önümlerini öndürýän önümhanada gurnalan tehnologik enjamlaryň hil, daşky gurşaw we howpsuzlyk taýdan halkara standartlaryň kadalaryna doly laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamany dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Şeýle-de önümhana Italiýanyň “Bottera” kompaniýasynyň halkara standartlaryna laýyk gelýän toplumlaýyn dolandyryş ulgamynyň ornaşdyrylandygyny tassyklaýan güwänamanyň gowşurylýandygy yglan edildi.
Ýanwar-awgust aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2% boldy
2023-nji ýylyň sekiz aýynda jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edildi. Bu barada geçen anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda habar berildi.
Osakadaky EXPO-2025 sergisindäki Türkmenistanyň pawilýonyna baryp görenleriň sany bir milliondan geçdi
Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän EXPO‑2025 Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony bir milliondan gowrak myhmany kabul etdi. Bu barada ORIENT agentligi serginiň guramaçylaryna salgylanyp habar berdi.
Nebitgaz toplumynda sekiz aýyň jemlerine garaldy
11-nji sentýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň geçen sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Pakistanyň Premýer-ministri bilen energetika ulgamynda taslamalary maslahatlaşdy
Yslamabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şarif bilen duşuşygynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ösüşiniň geljegi barada pikir alşyldy, diýip Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Okuw maslahaty geçirildi
Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi, Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi tarapyndan «Halkymyzyň joşgunly, tutanýerli zähmeti esasynda ýetilen belent sepgitlerde kärdeşler arkalaşygynyň tutýan orny» atly okuw maslahaty geçirildi. «Türkmennebit» döwlet konserniniň Kärdeşler arkalaşygynyň komiteti okuw maslahatynyň guramaçylyk işlerine giňden ýardam berdi.