Prezident: Türkmenistan energetika pudagynda ekologiýa düzüjisine aýratyn ähmiýet berýär

19:42 07.08.2025 3562

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/14712/original-168935179d4414.jpg

5-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň açylyşy we birinji plenar mejlisi geçirildi.

Foruma döwlet we Hökümet Baştutanlary, 100-den gowrak ýurduň, 50-ä golaý halkara guramanyň ýokary wezipeli wekilleri, 20-den gowrak dünýä belli kompaniýalaryň wekilleri gatnaşýarlar. Bu ähmiýetli wakany giňden şöhlelendirmek üçin Awaza dünýäniň 40-a golaý ýurdundan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň 160-dan gowrak wekili geldi.

Döwlet Baştutany BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Başlygy hökmünde çykyş etdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyşynda «Ýaşyl» gün tertibi bilen baglylykda, ulag ugurlarynyň ekologik howpsuzlygynyň bu işde örän möhüm mesele bolup durýandygyna ünsi çekdi. Bu wezipäni, ilki bilen, häzirki zaman tehnologiýalaryny çekmek arkaly çözüp boljakdygyny görýäris. Türkmenistan beýleki ugurlarda, şol sanda energetika babatda hem ekologiýa meselesine uly ähmiýet berýär. «Ýaşyl» energetika düşünjesi häzirki döwürde ýurduň içinde hem, halkara energiýa giňişliginde hem biziň energetika pudagyndaky işimiziň hökmany, düýpli ölçegi bolup durýar.

Bu ugurda biz Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde kabul edilen halkara namalara berk laýyklykda iş alyp barýarys diýip, döwlet Baştutanymyz energetika üçlügine gatnaşyjylaryň ählisiniň, ýagny energiýany öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň, sarp edijileriň halkara ekologiýa ölçeglerini we daşky gurşawy goramak hem-de howanyň üýtgemegi babatdaky ylalaşyklary gyşarnyksyz berjaý etmelidigini nygtady.

Biziň ýurdumyz bu meselede gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini peýdalanmak boýunça işi çaltlandyrmak ugrunda çykyş edýär diýip, döwlet Baştutany aýtdy we ýurdumyzyň wodorod energetikasyny ösdürmäge gatnaşmaga-da taýýardygyny nygtady hem-de bu meselede hyzmatdaşlyk etmegiň anyk bilelikdäki meýilnamalarynyň we algoritmleriň zerurdygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedow 2030 — 2040-njy ýyllar aralygyndaky döwür üçin wodorod energetikasyna geçmegiň ählumumy maksatnamasyny döretmek başlangyjyny öňe sürdi we geljek ýyldan başlap, Birleşen Milletler Guramasynda şu maksatnamany işläp taýýarlamak meselesini ara alyp maslahatlaşmaga girişmegi teklip etdi.

Umuman, biz ähli ykdysady işi ekologiýa standartlary bilen utgaşdyrmagyň zerurdygyndan ugur alýarys. Biziň ekologiýa syýasatymyzyň esasy ugry ykdysady ulgamy önümçilik pudagynyň tebigatyň bäsdeşi däl-de, eýsem, sazlaşdyryjysy we daýanjy bolar ýaly ýola goýmakdan ybaratdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, ýapyk aýlawly (sirkulýar) ykdysadyýete geçmegiň ählumumy çarçuwaly maksatnamasyny döretmek barada Türkmenistanyň öňe süren teklibine ünsi çekdi.

Başga makalalar
167d29c904a9d9.jpg
Türkmenistanda keramika önümlerini öndürýän iri zawod ulanyşa girizildi

12-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze desganyň — Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.


161d7e6c4b374f.jpeg
Awgust aýyndan OPEC-e Kuweýtiň wekili başlyklyk eder

OPEC-iň nobatdan daşary mejlisinde ministrler guramanyň täze baş sekretary wezipesine — 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap üç ýyl möhlete Kuweýtden Haýtam Al-Gaýsy (Haitham Al-Qais) saýladylar diýip, Interfaks habar berýär.


1651d0812a79d8.jpg
HNGU-nyň wekilleri Pekinde halkara foruma gatnaşdylar

Türkmenistanyň wekiliýeti 1-2-nji oktýabrda Pekinde Hytaýyň nebit uniwersitetiniň 70 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Uglerod bitaraplygyna ýetmegiň ugrunda: Bilim, tehnologiýalar, zehinler» atly halkara maslahatyna gatnaşdylar.


16392d7b3c4545.jpeg
Pakistan Türkmenistandan suwuklandyrylan gaz import etmegi meýilleşdirýär

Pakistanyň Hökümeti gyşyň düşmegi zerarly gaz ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolup, Owganystanyň üsti bilen gury ýerden Türkmenistandan suwuklandyrylan nebit gazyny import etmek boýunça meýilnama işläp taýýarlady.


166ed3c08622d6.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti YÖB-niň ýolbaşçysy bilen energetika, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy

19-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň (YÖB) ýolbaşçysy Muhammad Al Jasser bilen duşuşygynda saglygy goraýyş, energetika, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.