HNGU-nyň wekilleri Pekinde halkara foruma gatnaşdylar
19:53 04.10.2023 7400
Türkmenistanyň wekiliýeti 1-2-nji oktýabrda Pekinde Hytaýyň nebit uniwersitetiniň 70 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Uglerod bitaraplygyna ýetmegiň ugrunda: Bilim, tehnologiýalar, zehinler» atly halkara maslahatyna gatnaşdylar.
Foruma milli we halkara energetika uniwersitetleriň, energetika uniwersitetleriniň, ylmy-barlag institutlarynyň wekilleri ýygnandylar. Türkmen wekiliýetiniň düzümine Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekilleri girdi.
Maslahatyň barşynda bilim bermekligiň uglerod-bitarap ulgamlary we ylmyň hem tehnologiýanyň geljegi boýunça tematiki mejlisler geçirildi, şeýle hem uglerod-bitarap ulgamlary ösdürmek boýunça hünärmenler çykyş etdiler. Mejlisleriň çäklerinde uglerod bitaraplaryny gazanmak we «ýaşyl» energetika geçmek boýunça gazanylanlar bilen bagly meseleler maslahatlaşyldy. Forumyň barşynda HNGU-nyň rektory Baýrammyrat Atamanow «Türkmenistanyň nebitgaz ulgamynda ylym, bilim we innowasion tehnologiýalar» temasy boýunça çykyş etdi.
Halkara forumyň geçirilmegi uglerod bitaraplygyny üpjün etmek we adamzadyň durnukly ösüşi üçin ählumumy energetikada ylym, bilim we tehnologiýalar ulgamynda ýaş zehinleriň arasynda pikir alyşmalary ösdürmäge, bilimleri artdyrmaga ýardam etdi.
Pekinde geçirilen duşuşyklaryň netijeleri boýunça Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti hem-de Hytaýyň nebit uniwersiteti Ylym we bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmekde Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.
Hytaýyň nebit uniwersiteti (China University of Petroleum) HHR-iň Bilim ministrliginiň garamagynda bolan iri milli uniwersitetdir. Ol ýokary hilli hünärmenleri taýýarlamaklyga gönükdirilen «Taslama 211» atly milli uniwersitetleriň we kollejleriň taslamasyna gatnaşýar.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti ýokary hünär taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamak boýunça işleri alyp barýar, dünýäniň ylym we bilim giňişligine işjeň gatnaşýar, dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleri we iri pudaklaýyn kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edýär.
Hytaý bilen hyzmatdaşlyk Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Hytaýyň nebit uniwersitetiniň arasynda şeýle hem Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy bilen baglaşylan Ähtnamanyň esasynda alnyp barylýar. Hyzmatdaşlygyň çäklerinde ylmy we bilim häsiýetli dürli çäreler geçirilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝB-niň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow BSG-niň Baş direktory bilen Türkmenistanyň gurama girmeginiň geljegini maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji mejlisine gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory hanym Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleri Nýu-Ýorkda döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini maslahatlaşdylar
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.
«Türkmengaz» DK-da öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär
Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.