Awazada BMG-niň üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli dabara geçirildi
17:54 06.08.2025 2318
5-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli dabara geçirildi diýip, TDH habar berýär.
Dabara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň Başlygy Filemon Ýang, foruma gatnaşyjy ýurtlaryň wekiliýet ýolbaşçylary hem-de agzalary, halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýurdumyzyň resmi adamlary gatnaşdylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, biz şu gün gojaman Hazar deňziniň ajaýyp türkmen kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda taryhy wakanyň şaýady bolýarys diýip, belledi.
“Bu dabaramyza gatnaşýan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryny, wekiliýet Baştutanlaryny, Siziň ähliňizi bereketli türkmen topragynda hoş gördük” diýip Gurbanguly Berdimuhamedow hemmeleri güneşli we myhmansöýer Türkmenistanda tüýs ýürekden mübärekläp, şu günki maslahatyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilmeginiň möhüm ähmiýetini belledi.
Gurbanguly Berdimuhamdow üçünji gezek geçirilýän bu ýokary derejedäki halkara forumyň dowamynda gün tertibiniň ähli ugurlary boýunça netijeli pikir alyşmalaryň boljakdygyna hem-de oňyn teklipleriň öňe sürüljekdigine ynam bildirdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz çykyşyny BMG-niň resmi dilleriniň biri bolan rus dilinde dowam etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri hemmeleri Türkmenistanyň halkynyň adyndan mähirli mübärekledi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri foruma gatnaşyjylaryň şeýle giň wekilçilikli düzümine Türkmenistana goýulýan hormatyň, ynamyň hem-de ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki eýeleýän ornuna, hyzmatdaşlygy, özara düşünişmegi we ynanyşmagy ýola goýmakda edýän tagallalaryna berilýän ýokary bahanyň nyşany hökmünde garalýandygyny aýtdy.
Gahryman Arkadagymyz foruma gatnaşyjylaryň ählisiniň türkmen topragynda gadyrly myhman, dünýäde parahatçylygyň, ösüşiň we abadançylygyň ýokary maksatlarynyň daşynda jebisleşen Türkmenistanyň hyzmatdaşlary hökmünde kabul edilýändigini belläp, hemmelere: “Türkmenistana hoş geldiňiz!” diýdi.
Bellenilişi ýaly, şu gezekki maslahatyň geçirilmegi kanunalaýyk we çuňňur esaslandyrylandyr. Bu maslahat biziň ýurtlarymyz tarapyndan köp ýyllaryň dowamynda alnyp barlan we ösüp barýan döwletleriň dünýä proseslerindäki ornuny ýokarlandyrmaga, olaryň meselelerine hem-de kanuny bähbitlerine ünsi çekmäge, häzirki zaman dünýä gurluşynda mynasyp ornuny üpjün etmäge gönükdirilen uly we çynlakaý işiň bir bölegi bolup durýar.
Türkmenistanda keramika önümlerini öndürýän iri zawod ulanyşa girizildi
12-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze desganyň — Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
Awgust aýyndan OPEC-e Kuweýtiň wekili başlyklyk eder
OPEC-iň nobatdan daşary mejlisinde ministrler guramanyň täze baş sekretary wezipesine — 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap üç ýyl möhlete Kuweýtden Haýtam Al-Gaýsy (Haitham Al-Qais) saýladylar diýip, Interfaks habar berýär.
HNGU-nyň wekilleri Pekinde halkara foruma gatnaşdylar
Türkmenistanyň wekiliýeti 1-2-nji oktýabrda Pekinde Hytaýyň nebit uniwersitetiniň 70 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Uglerod bitaraplygyna ýetmegiň ugrunda: Bilim, tehnologiýalar, zehinler» atly halkara maslahatyna gatnaşdylar.
Pakistan Türkmenistandan suwuklandyrylan gaz import etmegi meýilleşdirýär
Pakistanyň Hökümeti gyşyň düşmegi zerarly gaz ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolup, Owganystanyň üsti bilen gury ýerden Türkmenistandan suwuklandyrylan nebit gazyny import etmek boýunça meýilnama işläp taýýarlady.
Türkmenistanyň Prezidenti YÖB-niň ýolbaşçysy bilen energetika, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy
19-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň (YÖB) ýolbaşçysy Muhammad Al Jasser bilen duşuşygynda saglygy goraýyş, energetika, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.