Türkmenistanyň Prezidenti we BMG-niň Baş sekretary deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň durnukly ösüşi üçin hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

17:50 06.08.2025 2690

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/14691/original-16891a44838214.jpg

4-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy. Forum 5-8-nji awgust aralygynda geçirilýär diýip, TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» şygary bilen geçýän bu maslahatyň deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň bähbidine 2024-nji ýylyň dekabrynda kabul edilen Hereketleriň täze maksatnamasyny netijeli durmuşa geçirmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş parahatçylyk döredijiligiň uly tejribesini toplan Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek işinde BMG-niň möhüm we strategik hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýändigini nygtady. Şeýle hem belent mertebeli myhman ýurdumyzda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin döredilen mümkinçiliklere hem-de bu ugurda Türkmenistanyň tagallalaryna ýokary baha berdi we munuň üçin döwlet Baştutanymyza BMG-niň ähli wekilleriniň adyndan hoşallyk bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, 2025-nji ýyl ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda ähmiýetli sene bolup durýar. Şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmegine 80 ýyl, Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagyna 30 ýyl bolýar. Şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigine üns çekildi.

Şu günler hem Hazar deňziniň türkmen kenarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty geçirilýär. Bu ýokary derejeli maslahatyň Türkmenistanda geçirilmegi bolsa hyzmatdaşlygymyzyň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini görkezýär diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Bellenilişi ýaly, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek häzirki döwürde möhüm bolup durýar. Türkmenistan bu ugurda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we özara sebit gatnaşyklarynyň has-da işjeňleşdirilmegini goldaýar.

Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň – hökümetleriň, halkara guramalaryň, hususy pudagyň, akademiki bileleşikleriň, raýat jemgyýetiniň gatnaşmagynda on ýylda bir gezek geçirilýän bu möhüm çäräniň dünýäde durnukly ösüşi gazanmakda, özara arabaglanyşygy ýola goýmakda we ulag geçelgelerini döretmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdiler.

Baş sekretar Türkmenistanyň BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça gazanýan uly üstünliklerini kanagatlanma bilen nygtap, tutuş adamzadyň abadançylygynyň bähbidine öz parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagy maksat edinýän türkmen tarapynyň möhüm halkara başlangyçlarynyň we köpugurly işiniň ähmiýetini aýratyn belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky strategik dialogyň sebitde we dünýäde parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi pugtalandyrmaga mundan beýläk-de ýardam berjekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Başga makalalar
167d29c904a9d9.jpg
Türkmenistanda keramika önümlerini öndürýän iri zawod ulanyşa girizildi

12-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze desganyň — Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.


161d7e6c4b374f.jpeg
Awgust aýyndan OPEC-e Kuweýtiň wekili başlyklyk eder

OPEC-iň nobatdan daşary mejlisinde ministrler guramanyň täze baş sekretary wezipesine — 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap üç ýyl möhlete Kuweýtden Haýtam Al-Gaýsy (Haitham Al-Qais) saýladylar diýip, Interfaks habar berýär.


1651d0812a79d8.jpg
HNGU-nyň wekilleri Pekinde halkara foruma gatnaşdylar

Türkmenistanyň wekiliýeti 1-2-nji oktýabrda Pekinde Hytaýyň nebit uniwersitetiniň 70 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Uglerod bitaraplygyna ýetmegiň ugrunda: Bilim, tehnologiýalar, zehinler» atly halkara maslahatyna gatnaşdylar.


16392d7b3c4545.jpeg
Pakistan Türkmenistandan suwuklandyrylan gaz import etmegi meýilleşdirýär

Pakistanyň Hökümeti gyşyň düşmegi zerarly gaz ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolup, Owganystanyň üsti bilen gury ýerden Türkmenistandan suwuklandyrylan nebit gazyny import etmek boýunça meýilnama işläp taýýarlady.


166ed3c08622d6.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti YÖB-niň ýolbaşçysy bilen energetika, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy

19-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň (YÖB) ýolbaşçysy Muhammad Al Jasser bilen duşuşygynda saglygy goraýyş, energetika, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.