Seýdiniň NGIZ ýylyň birinji ýarymynda nebitiň gaýtadan işlenilmegini 22% artdyrdy
10:13 29.07.2025 5980
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işgärleri 2025-nji ýylyň ilkinji alty aýynyň netijeleri boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende uly önümçilik üstünliklerine ýetdiler. Hususan-da, kärhanada 270 müň tonna nebit gaýtadan işlenip, bu görkeziji geçen ýylyň ýanwar-iýun aýlaryna garanyňda, 22% ýokary boldy diýip, ussatnews.com saýty habar berýär.
Çig mal bilen üpjün etmek ýaly möhüm meseleleriň çözülmegi zawodyň ýokary netijeliligine oňyn täsir edýär. Kärhana benziniň, dizel ýangyjynyň, ýol bitumynyň we beýleki önümleriň öndürilişinde möhüm üstünliklere ýetip, olar sarp edijilere yzygiderli ýetirilýär.
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň düzüminde 1800-den gowrak ýokary hünärli işgär sazlaşykly we netijeli işleýär. Kärhananyň öňdebaryjy işgärleri yzygiderli höweslendirilýär. Zawodyň işgärleri üçin amatly iş şertlerini döretmäge we olaryň maşgalalarynyň durmuş meselelerini çözmäge uly üns berilýär.
Şeýle hem işgärleriň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak boýunça çäreler görülýär. Seýdi şäherinde zawod işgärleri üçin dört gatly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy dowam edýär. Bu jaý ulanylmaga berilenden soň, nebiti gaýtadan işleýji 24 maşgalanyň häzirki zaman amatly öýlere eýe bolarlar.
Türkmenistanda keramika önümlerini öndürýän iri zawod ulanyşa girizildi
12-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze desganyň — Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
Awgust aýyndan OPEC-e Kuweýtiň wekili başlyklyk eder
OPEC-iň nobatdan daşary mejlisinde ministrler guramanyň täze baş sekretary wezipesine — 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap üç ýyl möhlete Kuweýtden Haýtam Al-Gaýsy (Haitham Al-Qais) saýladylar diýip, Interfaks habar berýär.
HNGU-nyň wekilleri Pekinde halkara foruma gatnaşdylar
Türkmenistanyň wekiliýeti 1-2-nji oktýabrda Pekinde Hytaýyň nebit uniwersitetiniň 70 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Uglerod bitaraplygyna ýetmegiň ugrunda: Bilim, tehnologiýalar, zehinler» atly halkara maslahatyna gatnaşdylar.
Pakistan Türkmenistandan suwuklandyrylan gaz import etmegi meýilleşdirýär
Pakistanyň Hökümeti gyşyň düşmegi zerarly gaz ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolup, Owganystanyň üsti bilen gury ýerden Türkmenistandan suwuklandyrylan nebit gazyny import etmek boýunça meýilnama işläp taýýarlady.
Türkmenistanyň Prezidenti YÖB-niň ýolbaşçysy bilen energetika, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy
19-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň (YÖB) ýolbaşçysy Muhammad Al Jasser bilen duşuşygynda saglygy goraýyş, energetika, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.