Türkmenistanyň Prezidenti TNGIZT-de nebit we nebit önümleri guýulýan üçünji gämi duralgasyny işe girizdi
13:36 19.07.2025 5714
18-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
Mejlisiň barşynda wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak we işini kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň nebit kärhanasynyň nebit we nebit önümleri guýulýan üçünji gämi duralgasynyň gurluşyk işleri tamamlanyp, täze desga ulanmaga doly taýýar edildi.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döredýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza nebitgaz toplumynyň ähli işgärleriniň adyndan hoşallyk bildirip, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow nebitgaz pudagyny ösdürmek hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy we täze desganyň işe girizilmeginiň ýurdumyzda öndürilýän uglewodorod serişdeleriniň eksport edilýän möçberini artdyrmaga, olary ygtybarly ibermäge mümkinçilik berjekdigini belledi hem-de toplumyň dabaraly açylyşyna sanly ulgam arkaly göni aragatnaşykda badalga berdi.
Açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerinden göni aragatnaşyk arkaly «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Agajanow çykyş edip, hormatly Prezidentimize Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň kuwwatlylygy ýylda 2 million 60 müň tonna nebit we nebit önümlerini ýüklemäge hem-de 1 million 150 müň tonna nebit we nebit önümlerini düşürmäge mümkinçiligi bolan Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň nebit we nebit önümleri guýulýan üçünji gämi duralgasyny işe girizmäge ak pata bermek baradaky haýyş bilen ýüzlendi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow täze desganyň işe girizilmegine ak pata berdi. Soňra dabaranyň geçirilýän ýerinde il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda toý bagy kesilýär. Täze gämi duralgasyndan nebit önümi ýangyç daşaýjy gämä guýlup başlanýar. Açylyş dabarasy aýdym-sazly, tansly çykyşlar bilen jemlendi.
Türkmenistanda keramika önümlerini öndürýän iri zawod ulanyşa girizildi
12-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze desganyň — Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
Awgust aýyndan OPEC-e Kuweýtiň wekili başlyklyk eder
OPEC-iň nobatdan daşary mejlisinde ministrler guramanyň täze baş sekretary wezipesine — 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap üç ýyl möhlete Kuweýtden Haýtam Al-Gaýsy (Haitham Al-Qais) saýladylar diýip, Interfaks habar berýär.
HNGU-nyň wekilleri Pekinde halkara foruma gatnaşdylar
Türkmenistanyň wekiliýeti 1-2-nji oktýabrda Pekinde Hytaýyň nebit uniwersitetiniň 70 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Uglerod bitaraplygyna ýetmegiň ugrunda: Bilim, tehnologiýalar, zehinler» atly halkara maslahatyna gatnaşdylar.
Pakistan Türkmenistandan suwuklandyrylan gaz import etmegi meýilleşdirýär
Pakistanyň Hökümeti gyşyň düşmegi zerarly gaz ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolup, Owganystanyň üsti bilen gury ýerden Türkmenistandan suwuklandyrylan nebit gazyny import etmek boýunça meýilnama işläp taýýarlady.
Türkmenistanyň Prezidenti YÖB-niň ýolbaşçysy bilen energetika, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy
19-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň (YÖB) ýolbaşçysy Muhammad Al Jasser bilen duşuşygynda saglygy goraýyş, energetika, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.