Gahryman Arkadagymyz “Awazada” BMG-niň maslahatynyň geçiriljek ýeri bilen tanyşdy
14:23 12.07.2025 3478
9-njy iýulda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatynyň çäklerinde dürli derejedäki duşuşyklaryň geçiriljek ýeri bolan Kongresler merkezine bardy. Bu barada TDH habar berýär.
Halkara forumyň geçiriljek günlerinde bu merkeziň binasynda hem birnäçe ähmiýetli çäreleri guramak meýilleşdirilýär. Çünki toplumda dürli derejedäki halkara çäreleri guramak üçin ähli zerur mümkinçilikler bar. Gahryman Arkadagymyz ýokary derejede geçiriljek duşuşyklaryň we gepleşikleriň jemleri boýunça kabul ediljek çözgütleriň, gazanyljak ylalaşyklaryň özara gatnaşyklary ösdürmekde ähmiýetli boljakdygyny, şoňa görä, binalaryň taýýarlyk derejesine zerur üns bermegiň wajypdygyny belledi.
Halk Maslahatynyň Başlygy Awazanyň gözel künjeginde ýerleşýän käbir myhmanhanalaryň taýýarlyk derejesi we olarda döredilen şertler bilen tanyşdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda halkara foruma çenli az wagtyň galandygyny nazara alyp, ýerine ýetirilýän işleriň depginini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Milli Liderimiz ähli gurluşyk we abatlaýyş işleriniň ýokary hil derejesinde, kesgitlenen möhletlerde berjaý edilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, bu ugra degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň işjeň gatnaşmagynda öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň guralmagy maksadalaýyk bolar. Çünki meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegi maslahatyň guramaçylyk derejesine öz täsirini ýetirer. Şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde öňde boljak halkara forumyň taryhy ähmiýeti barada makalalaryň, tele we radio gepleşikleriň taýýarlanylmagyna aýratyn üns berilmelidir. Forumyň geçişi barada ýurdumyzyň internet saýtlary, elektron neşirleri, teleradioýaýlymlar yzygiderli seslenmelidir. Munuň özi forumda garaljak meseleleriň we kabul ediljek çözgütleriň ähmiýetini dünýä ýaýmakda wajyp ähmiýete eýe bolar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary dowam edýär.
Türkmenistanda keramika önümlerini öndürýän iri zawod ulanyşa girizildi
12-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze desganyň — Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
Awgust aýyndan OPEC-e Kuweýtiň wekili başlyklyk eder
OPEC-iň nobatdan daşary mejlisinde ministrler guramanyň täze baş sekretary wezipesine — 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap üç ýyl möhlete Kuweýtden Haýtam Al-Gaýsy (Haitham Al-Qais) saýladylar diýip, Interfaks habar berýär.
HNGU-nyň wekilleri Pekinde halkara foruma gatnaşdylar
Türkmenistanyň wekiliýeti 1-2-nji oktýabrda Pekinde Hytaýyň nebit uniwersitetiniň 70 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Uglerod bitaraplygyna ýetmegiň ugrunda: Bilim, tehnologiýalar, zehinler» atly halkara maslahatyna gatnaşdylar.
Pakistan Türkmenistandan suwuklandyrylan gaz import etmegi meýilleşdirýär
Pakistanyň Hökümeti gyşyň düşmegi zerarly gaz ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolup, Owganystanyň üsti bilen gury ýerden Türkmenistandan suwuklandyrylan nebit gazyny import etmek boýunça meýilnama işläp taýýarlady.
Türkmenistanyň Prezidenti YÖB-niň ýolbaşçysy bilen energetika, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy
19-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň (YÖB) ýolbaşçysy Muhammad Al Jasser bilen duşuşygynda saglygy goraýyş, energetika, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.