Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy YHG-nyň 17-nji sammitinde Pakistanyň we BAE-niň ministrleri bilen energetika hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy
16:40 05.07.2025 2839
4-nji iýulda Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň 17-nji Sammitiniň çäginde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Pakistan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Muhammad Ishak Dar bilen duşuşdy diýip, türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.
Işjeň häsiýetli söhbetdeşligiň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we ösdürmegiň geljegi bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meseleler boýunça hem pikir alyşyldy.
Taraplar Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektroenergetiki we optiki süýmli aragatnaşyk ulgamy ýaly sebit taslamalarynyň ähmiýetini nygtadylar.
Şol gün Birleşen Arap Emirlikleriniň Senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri Soltan Ahmed Al Jaber bilen gepleşikler geçirildi.
Duşuşygyň çäginde taraplar energrtika ulgamynda, husasan-da gaz pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, DIM habar berýär.
Türkmenistanda keramika önümlerini öndürýän iri zawod ulanyşa girizildi
12-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze desganyň — Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
Awgust aýyndan OPEC-e Kuweýtiň wekili başlyklyk eder
OPEC-iň nobatdan daşary mejlisinde ministrler guramanyň täze baş sekretary wezipesine — 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap üç ýyl möhlete Kuweýtden Haýtam Al-Gaýsy (Haitham Al-Qais) saýladylar diýip, Interfaks habar berýär.
HNGU-nyň wekilleri Pekinde halkara foruma gatnaşdylar
Türkmenistanyň wekiliýeti 1-2-nji oktýabrda Pekinde Hytaýyň nebit uniwersitetiniň 70 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Uglerod bitaraplygyna ýetmegiň ugrunda: Bilim, tehnologiýalar, zehinler» atly halkara maslahatyna gatnaşdylar.
Pakistan Türkmenistandan suwuklandyrylan gaz import etmegi meýilleşdirýär
Pakistanyň Hökümeti gyşyň düşmegi zerarly gaz ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolup, Owganystanyň üsti bilen gury ýerden Türkmenistandan suwuklandyrylan nebit gazyny import etmek boýunça meýilnama işläp taýýarlady.
Türkmenistanyň Prezidenti YÖB-niň ýolbaşçysy bilen energetika, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy
19-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň (YÖB) ýolbaşçysy Muhammad Al Jasser bilen duşuşygynda saglygy goraýyş, energetika, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.