Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça teklibi makullady
16:39 05.07.2025 3021
4-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýangyç-energetika pudagyny ösdürmek, nebitgaz ýataklaryny gözlemek, ýüze çykarmak hem-de netijeli özleşdirmek boýunça zerur işler amala aşyrylýar. Şunda önümçilige innowasion tehnologiýalaryň, ylmyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi takyk maglumatlary almaga, guýularyň gurluşyny öwrenip, oňyn çözgütleri kabul etmäge mümkinçilik berýär.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer pudagy geofiziki enjamlaryň döwrebap görnüşleri bilen üpjün etmek bilen bagly taýýarlanylan degişli teklibi Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürledi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurdumyzda uglewodorod serişdeleriniň ýerasty gorlaryny gözlemek, gaz geçiriji ulgamlaryň ygtybarly işlemegini üpjün etmek babatda netijeli işleriň amala aşyrylýandygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedow “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da gowulandyrmak boýunça taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Türkmenistanda keramika önümlerini öndürýän iri zawod ulanyşa girizildi
12-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze desganyň — Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
Awgust aýyndan OPEC-e Kuweýtiň wekili başlyklyk eder
OPEC-iň nobatdan daşary mejlisinde ministrler guramanyň täze baş sekretary wezipesine — 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap üç ýyl möhlete Kuweýtden Haýtam Al-Gaýsy (Haitham Al-Qais) saýladylar diýip, Interfaks habar berýär.
HNGU-nyň wekilleri Pekinde halkara foruma gatnaşdylar
Türkmenistanyň wekiliýeti 1-2-nji oktýabrda Pekinde Hytaýyň nebit uniwersitetiniň 70 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Uglerod bitaraplygyna ýetmegiň ugrunda: Bilim, tehnologiýalar, zehinler» atly halkara maslahatyna gatnaşdylar.
Pakistan Türkmenistandan suwuklandyrylan gaz import etmegi meýilleşdirýär
Pakistanyň Hökümeti gyşyň düşmegi zerarly gaz ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolup, Owganystanyň üsti bilen gury ýerden Türkmenistandan suwuklandyrylan nebit gazyny import etmek boýunça meýilnama işläp taýýarlady.
Türkmenistanyň Prezidenti YÖB-niň ýolbaşçysy bilen energetika, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy
19-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň (YÖB) ýolbaşçysy Muhammad Al Jasser bilen duşuşygynda saglygy goraýyş, energetika, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.