Türkmenistanyň «ýaşyl» energiýa diplomatiýasy
04:15 01.07.2025 3371
Adamzat uzak taryhynyň dowamynda tebigata golaý durup, onuň baýlyklaryna, arassa ekologik gurşawyna örän aýawly çemeleşmäge çalyşýar. Döwrüň ösmegi we tehnologiýanyň üznüksiz kämilleşmegi netijesinde bolsa, tebigaty goramak, energiýa serişdeleriniň zyýanly galyndylaryny aradan aýyrmak, uç-gyraksyz sähralyklaryň ösümlik we haýwanat dünýäsini yzygiderli baýlaşdyrmak ýaly wajyp meseleler ýüze çykýar. Bu babatda, ilkinji nobatda, häzirki zaman ösen ylmynyň hem tassyklaýşy ýaly, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçmek möhüm zerurlyk hasaplanylýar. Dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynda dolanyşyga girizilýän we özüniň oňyn netijesini berýän bu taslama Türkmenistanda hem ylmy taýdan esaslandyrylyp, işjeň herekete girizilýär.
Mälim bolşy ýaly, ekologik meseleler boýunça halkara dialoga işjeň gatnaşýan Türkmenistan adamzadyň geljegi bilen bagly möhüm meseleleriň çözülmegi ugrundaky tagallalara mynasyp goşant goşmak bilen, BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýär. 2023-nji ýylda ýurdumyzda Metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça ýokary derejeli pudagara toparyň döredilendigini bellemek gerek. Şol ýylyň dekabrynda bolsa Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulandygy resmi taýdan yglan edildi. Mundan başga-da, howada metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmegiň «Ýol kartasy» kabul edildi. Netijede, diňe 2024-nji ýylyň ahyryna çenli Türkmenistanda metan zyňyndylary 11 göterim azaldy.
Bilşimiz ýaly, howanyň üýtgemegine garşy göreş dünýä ýurtlarynda energetika syýasatynyň esasy ýörelgeleriniň birine öwrülýär. Energetika pudagynyň geljegi, esasan, howanyň üýtgemeginiň nähili çözüljekdigine we belli bir ýurtda hem-de dünýäde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegine bagly bolar.
«Ýaşyl» energiýa boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň çäginde Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) bilen ýakyndan gatnaşyk saklaýandygyny aýratyn bellemek gerek. Köpýyllyk hyzmatdaşlygyň görkezişi ýaly, GIZ-iň Merkezi Aziýa, şol sanda Türkmenistan boýunça taslama bukjasy köp ugurlary öz içine alýar.
Häzirki döwürde energetika pudagy islendik döwletiň ykdysady ösüşiniň hereketlendirijileriniň biri bolup, onuň bütindünýä derejesindäki ähmiýeti barha artýar. Kuwwatly energetika döwletleriniň biri bolan ýurdumyz bu ugurda işjeň daşary syýasaty alyp barýar. Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy bolsa bu ugurda wajyp resminamadyr.
Energetika howpsuzlygynda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine aýratyn orun degişlidir. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine Günüň, ýeliň, ýeriň ýylylygynyň, biomassalaryň, derýalaryň, deňizleriň, ummanlaryň energiýalary degişlidir. Ýurdumyzda Günüň we ýeliň energiýasyndan peýdalanmak geljegi uly ugur hasaplanýar. Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini, esasan, merkezleşdirilen energiýa torlaryndan uzak ýerlerde, hususan-da, Garagum sährasynda peýdalanmak derwaýys wezipedir. Eýýäm bu ugurda ilkinji üstünlikler gazanylyp, geljek üçin uly maksatlar goýulýar.
«Ýaşyl» energiýa çeşmeleriniň peýdalanylmagy Türkmenistanyň energetika diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Adamyň tebigata ýetirýän täsirini peseltmek halkara derejede tagallalary birleşdirmegi talap edýär. Merkezi Aziýa sebiti üçin daşky gurşawyň abadançylygy aýratyn ähmiýetli ugurdyr. Ýurdumyz gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ornaşdyrmak boýunça halkara guramalar we maliýe edaralary bilen hem hyzmatdaşlygyny ösdürýär. Muňa mysal edip, Aziýanyň Ösüş bankynyň «Türkmenistanda «ýaşyl» özgertmeleri goldamak üçin gaýtadan dikeldilýän energiýa pudagynda ornaşdyrylýan çözgütler» atly taslamasyny görkezmek bolar. Aziýanyň Ösüş bankynyň Türkmenistanyň durnukly ösüşini goldamak boýunça uzak möhletli strategiýasynyň bir bölegi bolan taslamanyň esasy maksady şäherler üçin innowasion çözgütleri döretmek bilen, Gün energiýasyndan peýdalanmagyň «ýol kartasyny» işläp düzmekden ybaratdyr. Taslamanyň çäklerinde ýyllyk kuwwaty 4 gigawatdan geçýän Gün elektrik bekediniň işe girizilmegi göz öňünde tutulýar. Şeýle beket kömürturşy gazynyň bölünip çykýan möçberiniň ýylda 3 tonna barabar azaldylmagyna mümkinçilik berer.
Muhammet BEKGIÝEW,
«Türkmenistan» gazetiniň jogapkär kätibi.
Türkmenistanda keramika önümlerini öndürýän iri zawod ulanyşa girizildi
12-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze desganyň — Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
Awgust aýyndan OPEC-e Kuweýtiň wekili başlyklyk eder
OPEC-iň nobatdan daşary mejlisinde ministrler guramanyň täze baş sekretary wezipesine — 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap üç ýyl möhlete Kuweýtden Haýtam Al-Gaýsy (Haitham Al-Qais) saýladylar diýip, Interfaks habar berýär.
HNGU-nyň wekilleri Pekinde halkara foruma gatnaşdylar
Türkmenistanyň wekiliýeti 1-2-nji oktýabrda Pekinde Hytaýyň nebit uniwersitetiniň 70 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Uglerod bitaraplygyna ýetmegiň ugrunda: Bilim, tehnologiýalar, zehinler» atly halkara maslahatyna gatnaşdylar.
Pakistan Türkmenistandan suwuklandyrylan gaz import etmegi meýilleşdirýär
Pakistanyň Hökümeti gyşyň düşmegi zerarly gaz ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolup, Owganystanyň üsti bilen gury ýerden Türkmenistandan suwuklandyrylan nebit gazyny import etmek boýunça meýilnama işläp taýýarlady.
Türkmenistanyň Prezidenti YÖB-niň ýolbaşçysy bilen energetika, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy
19-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň (YÖB) ýolbaşçysy Muhammad Al Jasser bilen duşuşygynda saglygy goraýyş, energetika, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.