Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny doglan güni bilen gutlady

10:25 01.07.2025 3843

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/14409/original-1686297c52240a.jpg

29-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi diýip, TDH habar berýär.

Özbegistanyň Baştutany Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen köpugurly işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Şeýle hem Şawkat Mirziýoýew Prezidenti Milli Liderimiziň Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly tagallalaryna ýokary baha berip, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli sözler we arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň ýakyn goňşusy, ygtybarly hyzmatdaşy bolan doganlyk Özbegistan bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini belledi.

Söhbetdeşler soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykarylyp, ugurlaryň giň gerimi boýunça üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen nygtadylar.

Döwletara gatnaşyklar açyklygy, ynanyşmagyň, özara düşünişmegiň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar. Ýurtlarymyz ikitaraplaýyn görnüşde, halkara düzümleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Abraýly guramalaryň çäklerinde öňe sürülýän halkara başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylmagy munuň aýdyň mysalydyr.

Şeýle hem söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar işjeň ösdürilýär, ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk giňeldilýär. Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasynda yzygiderli we netijeli dialog ýola goýuldy.

Şunuň bilen birlikde, söhbetdeşler iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň möhümdigini nygtadylar.

Gahryman Arkadagymyz Prezident Şawkat Mirziýoýewiň strategik häsiýetli türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşýan şahsy goşandyny aýratyn nygtap, munuň üçin dostlukly ýurduň Baştutanyna minnetdarlyk bildirdi.

Başga makalalar
167d29c904a9d9.jpg
Türkmenistanda keramika önümlerini öndürýän iri zawod ulanyşa girizildi

12-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze desganyň — Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.


161d7e6c4b374f.jpeg
Awgust aýyndan OPEC-e Kuweýtiň wekili başlyklyk eder

OPEC-iň nobatdan daşary mejlisinde ministrler guramanyň täze baş sekretary wezipesine — 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap üç ýyl möhlete Kuweýtden Haýtam Al-Gaýsy (Haitham Al-Qais) saýladylar diýip, Interfaks habar berýär.


1651d0812a79d8.jpg
HNGU-nyň wekilleri Pekinde halkara foruma gatnaşdylar

Türkmenistanyň wekiliýeti 1-2-nji oktýabrda Pekinde Hytaýyň nebit uniwersitetiniň 70 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Uglerod bitaraplygyna ýetmegiň ugrunda: Bilim, tehnologiýalar, zehinler» atly halkara maslahatyna gatnaşdylar.


16392d7b3c4545.jpeg
Pakistan Türkmenistandan suwuklandyrylan gaz import etmegi meýilleşdirýär

Pakistanyň Hökümeti gyşyň düşmegi zerarly gaz ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolup, Owganystanyň üsti bilen gury ýerden Türkmenistandan suwuklandyrylan nebit gazyny import etmek boýunça meýilnama işläp taýýarlady.


166ed3c08622d6.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti YÖB-niň ýolbaşçysy bilen energetika, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy

19-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň (YÖB) ýolbaşçysy Muhammad Al Jasser bilen duşuşygynda saglygy goraýyş, energetika, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.