Türkmenistanyň Prezidenti we Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
17:48 29.06.2025 2477
27-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyngurluşyk kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaý bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň geljegini maslahatlaşdylar diýip, TDH habar berýär.
Duşuşygyň barşynda Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň amatly maýa goýum ýagdaýy, işlemek üçin ähli zerur şertler döredilen türkmen bazarynda iş alyp barmaga uly gyzyklanma bildirýändikleri nygtaldy.
Döwlet Baştutany iri ýapon kompaniýalarynyň ýurdumyzyň gaz we himiýa senagatynda taslamalary amala aşyrýandyklaryny aýdyp, Türkmenistanda döredilen amatly şertleri hasaba almak bilen, ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça ösdürmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.
Bu ugurdaky gatnaşyklary ösdürmekde Türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlyk komitetiniň alyp barýan işi aýratyn ähmiýete eýedir.
Prezident Serdar Berdimuhamedow «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň ýurdumyzda birnäçe iri taslamalaryň gurluşygyna gatnaşandygyny belläp, Türkmenistanyň bu kompaniýa bilen hyzmatdaşlygy geljekde-de ösdürmäge taýýardygyny beýan etdi.
Döwlet Baştutany şu ýylyň aprelinde Ýaponiýa amala aşyran saparynyň dowamynda ýokary derejede gepleşikleriň geçirilendigini we möhüm ylalaşyklaryň gazanylandygyny belläp, saparyň çäklerinde Hiroýuki Subaý bilen bolan duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutany saparyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýetiniň «EKSPO — 2025» Bütündünýä sergisine gatnaşandygyny aýdyp, sergide ilkinji bolup Türkmenistanyň Milli gününiň hem-de pawilýonynyň açylyş dabarasynyň geçirilendigini kanagatlanma bilen belledi.
Hiroýuki Subaý hormatly Prezidentimiziň saparynyň dowamynda Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda beýan eden teklipleriniň we başlangyçlarynyň ähmiýetine ünsi çekip, häzirki wagtda bu teklipleri iş ýüzünde amala aşyrmaga girişilendigini aýtdy.
Özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşmagyň dowamynda iki ýurduň ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde ýapon kompaniýalarynyň uly goşandy bellenildi.
Şol gün Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Kendzi Sanadany kabul etdi.
Nygtalyşy ýaly, «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasy Türkmenistanda işewürlik üçin döredilen amatly şertlere we ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmak babatda gazanýan üstünliklerine ýokary baha berýär. Döwlet Baştutany hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de täze ugurlar boýunça işjeňleşdirmek we ösdürmek üçin mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekip, ýurdumyzyň «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasy bilen işewür gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny aýtdy.
Türkmenistanda keramika önümlerini öndürýän iri zawod ulanyşa girizildi
12-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze desganyň — Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
Awgust aýyndan OPEC-e Kuweýtiň wekili başlyklyk eder
OPEC-iň nobatdan daşary mejlisinde ministrler guramanyň täze baş sekretary wezipesine — 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap üç ýyl möhlete Kuweýtden Haýtam Al-Gaýsy (Haitham Al-Qais) saýladylar diýip, Interfaks habar berýär.
HNGU-nyň wekilleri Pekinde halkara foruma gatnaşdylar
Türkmenistanyň wekiliýeti 1-2-nji oktýabrda Pekinde Hytaýyň nebit uniwersitetiniň 70 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Uglerod bitaraplygyna ýetmegiň ugrunda: Bilim, tehnologiýalar, zehinler» atly halkara maslahatyna gatnaşdylar.
Pakistan Türkmenistandan suwuklandyrylan gaz import etmegi meýilleşdirýär
Pakistanyň Hökümeti gyşyň düşmegi zerarly gaz ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolup, Owganystanyň üsti bilen gury ýerden Türkmenistandan suwuklandyrylan nebit gazyny import etmek boýunça meýilnama işläp taýýarlady.
Türkmenistanyň Prezidenti YÖB-niň ýolbaşçysy bilen energetika, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy
19-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň (YÖB) ýolbaşçysy Muhammad Al Jasser bilen duşuşygynda saglygy goraýyş, energetika, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.