«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» 30-njy halkara maslahatyna we sergisine bellige almaklyk başlandy
13:50 27.06.2025 7022
Aşgabatda şu ýylyň 22-24-nji oktýabrynda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» halkara maslahaty we sergisiniň (OGT 2025) resmi hasaba alyşy açyldy. Forumyň guramaçylary bolup, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy “Türkmen Energiýa Forum” bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.
Geçen üç onýyllygyň dowamynda OGT maslahaty we sergisi Merkezi Aziýanyň energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň we pikir alyşmalaryň ösmegine ýardam edýän, öňdebaryjy milli we halkara energetika kompaniýalaryny, maýa goýujylary, hökümet wekillerini hem-de tehniki hünärmenleri birleşdirýän öňdebaryjy meýdança hökmünde öz ornuny berkidip gelýär.
«Energiýa. Innowasiýa. Ösüş» şygary astynda geçiriljek OGT 2025 maslahaty 60-dan gowrak ýurtdan wekilleri özünde jemläp, aşakdaky esasy mowzuklara üns berer:
- Halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak we Durnukly energetiki ösüşe ýardam bermek BMG-niň yglan eden Parahatçylyk we ynam ýylynyň çäklerinde;
- Türkmenistanyň nebitgaz pudagyndaky maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrmak;
- Dünýä energetikasynyň energetiki geçiş we dekabrbonizasiýa ugurlary boýunça derňewler;
- Uglewodorod känleriniň özleşdirilişiniň ekologiýa bilen baglanyşykly meseleleri;
- Uglewodorod çykaryşynda emeli intellektiň artýan orny.
Dünýäde pes uglerodly energetika geçişiniň çaltlaşýan döwründe, Türkmenistan hem energetika strategiýasyny işjeň diwersifikasiýalaşdyrýar. Türkmenistan halkara maýa goýujylar üçin giň mümkinçilikleri hödürleýär — dünýäde iň uly ýerasty gaz känleriniň biri bolan Galkynyş käniniň ösüşiniň indiki tapgyrlaryndan başlap, guýçli gün we ýel energetika taslamalaryna çenli.
Halkara maýa goýujylara we hünärmenlere şu ugurlarda döwrebap maglumatlar we çuňňur derňewler hödürlener:
- Galkynyş gaz käniniň häzirki ýagdaýy we ösüş mümkinçilikleri;
- Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan (TAPI) gaz geçirijisiniň gurluşygy;
- Hazar deňziniň türkmen sektoryndaky maýa goýum taslamalary;
- Tebigy gazyň täze ugurlar boýunça eksportynyň giňeldilmegi;
- Gaz gaýtadan işlemek we nebit-himiýa senagatynyň ösüşi;
- Durnukly ösüş başlangyçlary, şol sanda metan zyňyndylaryny azaltmak we täzelenýän energiýa çeşmeleri boýunça taslamalar (mysal üçin: Altyn Asyr kölüniň ýanyndaky gün-ýel elektrik stansiýasy).
Türkmenistan sebitiň geljegini kesgitleýän strategik energetika taslamalaryny üstünlikli amala aşyrmagy dowam etdirýär. Bu işde ýurdumyzyň durnukly maýa goýum gurşawy, kanunçylyk kepillikleri we sebit hem-de halkara energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge bolan işjeň gatnaşmagy esasy sütünler bolup çykyş edýär.
Guramaçylar OGT 2025-iň täze hyzmatdaşlyklary döretjekdigine we maýa goýum işjeňligini artdyrjakdygyna ynanýarlar — bu hem Türkmenistanyň dünýä energetika giňişligindäki ornuny has-da pugtalandyrar.
Giňişleýin maglumat üçin çäräniň resmi web sahypasyna - www.ogt-turkmenistan.com ýüz tutup bilersiňiz.
Türkmenistanda keramika önümlerini öndürýän iri zawod ulanyşa girizildi
12-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze desganyň — Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
Awgust aýyndan OPEC-e Kuweýtiň wekili başlyklyk eder
OPEC-iň nobatdan daşary mejlisinde ministrler guramanyň täze baş sekretary wezipesine — 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap üç ýyl möhlete Kuweýtden Haýtam Al-Gaýsy (Haitham Al-Qais) saýladylar diýip, Interfaks habar berýär.
HNGU-nyň wekilleri Pekinde halkara foruma gatnaşdylar
Türkmenistanyň wekiliýeti 1-2-nji oktýabrda Pekinde Hytaýyň nebit uniwersitetiniň 70 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Uglerod bitaraplygyna ýetmegiň ugrunda: Bilim, tehnologiýalar, zehinler» atly halkara maslahatyna gatnaşdylar.
Pakistan Türkmenistandan suwuklandyrylan gaz import etmegi meýilleşdirýär
Pakistanyň Hökümeti gyşyň düşmegi zerarly gaz ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolup, Owganystanyň üsti bilen gury ýerden Türkmenistandan suwuklandyrylan nebit gazyny import etmek boýunça meýilnama işläp taýýarlady.
Türkmenistanyň Prezidenti YÖB-niň ýolbaşçysy bilen energetika, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy
19-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň (YÖB) ýolbaşçysy Muhammad Al Jasser bilen duşuşygynda saglygy goraýyş, energetika, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.