Türkmenistanyň Prezidenti we AÖB-niň wise-prezidenti hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

13:31 25.06.2025 2840

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/14359/original-1685a542c9e636.jpg

23-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Aziýa ösüş bankynyň Günorta, Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça wise-prezidenti Ýan Inmini kabul etdi diýip, TDH habar berýär.

Ýan Inmin Aziýa ösüş bankynyň ykdysady ösüşiň durnukly depginini görkezýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigini belledi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň durmuşa geçirýän ösüş strategiýasynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, abraýly maliýe guramalary we bank-karz düzümleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Aziýa ösüş bankynyň arasynda 25 ýylyň dowamynda ýola goýlan özara hereketleriň netijeli häsiýeti nygtaldy.

Geçen döwrüň içinde AÖB Türkmenistanda durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmek üçin uly ähmiýete eýe bolan köpsanly taslamalary maliýeleşdirmäge gatnaşdy. Bu taslamalar ykdysadyýetiň dürli ugurlaryny, hususan-da, energetika, ulag, saglygy goraýyş ulgamlaryny öz içine alýar.

Häzirki wagtda AÖB bilen hyzmatdaşlyk 2024-2028-nji ýyllarda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk Strategiýasynyň çäklerinde dowam etdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnama (CAREC) laýyklykda durmuşa geçirilýän ykdysady, söwda, ulag we energetika ulgamlaryny ösdürmek boýunça taslamalaryň berýän ýardamyna aýratyn üns çekildi.

Prezident 2025-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen Aziýa ösüş bankynyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň köpýyllyk hyzmatdaşlyga uly itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Nygtalyşy ýaly, tebigy serişdeleriň baý gorlaryna eýe bolýan ýurt energetika pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmagy maksat edinýär.

Şeýle hem ulag bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan demir ýol ulagy ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça Aziýa ösüş banky bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklary dowam etdirmäge möhüm ähmiýet berýär.

Döwlet Baştutany kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde maliýe-karz we maslahat beriş hyzmatlaryny işjeňleşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, hususy pudagyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin ýurdumyzyň banklary bilen hyzmatdaşlyk etmeginiň zerurdygyny belledi.

Başga makalalar
167d29c904a9d9.jpg
Türkmenistanda keramika önümlerini öndürýän iri zawod ulanyşa girizildi

12-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze desganyň — Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.


161d7e6c4b374f.jpeg
Awgust aýyndan OPEC-e Kuweýtiň wekili başlyklyk eder

OPEC-iň nobatdan daşary mejlisinde ministrler guramanyň täze baş sekretary wezipesine — 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap üç ýyl möhlete Kuweýtden Haýtam Al-Gaýsy (Haitham Al-Qais) saýladylar diýip, Interfaks habar berýär.


1651d0812a79d8.jpg
HNGU-nyň wekilleri Pekinde halkara foruma gatnaşdylar

Türkmenistanyň wekiliýeti 1-2-nji oktýabrda Pekinde Hytaýyň nebit uniwersitetiniň 70 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Uglerod bitaraplygyna ýetmegiň ugrunda: Bilim, tehnologiýalar, zehinler» atly halkara maslahatyna gatnaşdylar.


16392d7b3c4545.jpeg
Pakistan Türkmenistandan suwuklandyrylan gaz import etmegi meýilleşdirýär

Pakistanyň Hökümeti gyşyň düşmegi zerarly gaz ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolup, Owganystanyň üsti bilen gury ýerden Türkmenistandan suwuklandyrylan nebit gazyny import etmek boýunça meýilnama işläp taýýarlady.


166ed3c08622d6.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti YÖB-niň ýolbaşçysy bilen energetika, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy

19-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň (YÖB) ýolbaşçysy Muhammad Al Jasser bilen duşuşygynda saglygy goraýyş, energetika, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.