Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar
13:31 25.06.2025 2704
23-nji iýunda Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Seýed Abbas Arakçi Türkmenistana sapar bilen geldi. Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň we Eýranyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda habar berdiler.
Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meseleleri, hususan-da häzirki wagtda Ýakyn Gündogarda emele gelýän ýagdaý barada pikir alyşdylar.
Şu nukdaýnazardan, Eýranyň ministri Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna eýran halkyna doganlyk raýdaşlygyny bildirilendikleri we bu ýeňil bolmadyk döwürde birnäçe ynsanperwer meseleleri çözendikleri üçin çuňňur hoşallygyny beýan etdi.
Nygtalyşy ýaly, türkmen tarapy Ysraýyl bilen Eýranyň arasynda ýüze çykan kyn ýagdaý bilen baglylykda öz garaýyşyny ilkinjileriň hatarynda mälim etdi. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen oňyn hemişelik bitaraplyk derejesi bolan döwlet hökmünde Türkmenistanyň güýç ulanylmagyny ýa-da ony syýasy we beýleki meseleleri çözmegiň usuly hökmünde peýdalanmak howpuny kabul etmeýändigi bellenildi.
Şunda islendik çylşyrymly ýagdaýlary diňe BMG-niň Tertipnamasy hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda parahatçylykly ýollar bilen çözmek üçin syýasy-diplomatik serişdeleriň giň toplumyny ulanmagyň zerurlygyna aýratyn üns berildi.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy islendik halkara meselelerini parahatçylykly çözmek ýörelgelerine berk eýermek bilen, parahatçylygy tizden-tiz gazanmak hem-de bu sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek üçin ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen gepleşikleri geçirmek arkaly Ýakyn Gündogardaky häzirki ýagdaýy çözmäge gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi.
Eýranyň Daşary işler Ministri doganlyk Türkmenistana, onuň ýolbaşçylygyna hem-de halkyna mäkäm goldawlary üçin hoşallyk bildirdi we türkmen tarapy bilen konstruktiw syýasy dialogy dowam etdirmäge taýýardygyny beýan etdi diýlip, DIM-niň habarynda aýdylýar.
Türkmenistanda keramika önümlerini öndürýän iri zawod ulanyşa girizildi
12-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze desganyň — Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
Awgust aýyndan OPEC-e Kuweýtiň wekili başlyklyk eder
OPEC-iň nobatdan daşary mejlisinde ministrler guramanyň täze baş sekretary wezipesine — 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap üç ýyl möhlete Kuweýtden Haýtam Al-Gaýsy (Haitham Al-Qais) saýladylar diýip, Interfaks habar berýär.
HNGU-nyň wekilleri Pekinde halkara foruma gatnaşdylar
Türkmenistanyň wekiliýeti 1-2-nji oktýabrda Pekinde Hytaýyň nebit uniwersitetiniň 70 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Uglerod bitaraplygyna ýetmegiň ugrunda: Bilim, tehnologiýalar, zehinler» atly halkara maslahatyna gatnaşdylar.
Pakistan Türkmenistandan suwuklandyrylan gaz import etmegi meýilleşdirýär
Pakistanyň Hökümeti gyşyň düşmegi zerarly gaz ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolup, Owganystanyň üsti bilen gury ýerden Türkmenistandan suwuklandyrylan nebit gazyny import etmek boýunça meýilnama işläp taýýarlady.
Türkmenistanyň Prezidenti YÖB-niň ýolbaşçysy bilen energetika, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy
19-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň (YÖB) ýolbaşçysy Muhammad Al Jasser bilen duşuşygynda saglygy goraýyş, energetika, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.