Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň bilelikdäki başlyklary Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäklerinde duşuşyk geçirdiler
12:50 23.06.2025 3982
Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäklerinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň bilelikdäki başlyklary – Türkmenistanyň wise-premýeri Nökerguly Atagulyýew bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnulliniň duşuşygy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
«Rus-türkmen gatnaşyklary ynanyşmak we hyzmatdaşlyk ruhunynda ösdürilýär. Golaýda geçirilen KazanForum-a türkmen tarapynyň aýratyn ähmiýet berendigi we oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşandygy üçin minnetdarlygymy bildirmek isleýärin. Şu günki duşuşygymyzyň özara gatnaşyklaryň ösdürilmegine itergi berjekdigine ynanýaryn. Gazanylan ähli ylalaşyklary ýerine ýetirmek ugrunda, halklarymyzyň bähbidine bilelikde işleri alyp bararys» diýip, Marat Husnullin aýtdy.
Wise-premýer Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ýokary depgin bilen ösýändigini belläp geçdi. 2025-nji ýylyň ýanwar – mart aýlarynda söwda dolanyşygy 21,4% artdy. Özara söwdany ösdürmek maksady bilen, taraplar häzirki wagtda hökümetara çäreleriň 2025-2027-nji ýyllar üçin meýilnamasyny taýýarlamak ugrunda işleri alyp barýarlar diýip, M.Husnullin belledi.
Wise-premýer Nökerguly Atagulyýew duşuşykda gozgalan meseleleri konstruktiw ýagdaýda ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny beýan edip, bu duşuşygyň özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginde esas bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar söwda, senagat, energetika, oba hojalygy, medeniýet, bilim ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalaryny kesgitlediler.
Halkara ulag geçelgelerin işjeň ösdürilmegiň çäklerinde, täze ugurlara, şol sanda Türkmenistandan Hytaýa we beýleki ýurtlara barýan ugruň mümkinçiliklerine garaldy. Geljegi uly taslamalaryň hatarynda Türkmenbaşy portuna çykalgasy bolan Wolga-Hazar kanaly, şeýle hem «Demirgazyk – Günorta» halkara ulag geçelgesiniň çägindäki «Hazaryň Gündogar kenary boýunça geçelgesi» ugry görkezilýär.
Medeni hyzmatdaşlyk hem türkmen-rus gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenýär. Medeni çäreleri özara geçirmek däbiniň täzeden ýola goýulmagy aýratyn ähmiýetli waka boldy.
Türkmenistanda keramika önümlerini öndürýän iri zawod ulanyşa girizildi
12-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze desganyň — Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
Awgust aýyndan OPEC-e Kuweýtiň wekili başlyklyk eder
OPEC-iň nobatdan daşary mejlisinde ministrler guramanyň täze baş sekretary wezipesine — 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap üç ýyl möhlete Kuweýtden Haýtam Al-Gaýsy (Haitham Al-Qais) saýladylar diýip, Interfaks habar berýär.
HNGU-nyň wekilleri Pekinde halkara foruma gatnaşdylar
Türkmenistanyň wekiliýeti 1-2-nji oktýabrda Pekinde Hytaýyň nebit uniwersitetiniň 70 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Uglerod bitaraplygyna ýetmegiň ugrunda: Bilim, tehnologiýalar, zehinler» atly halkara maslahatyna gatnaşdylar.
Pakistan Türkmenistandan suwuklandyrylan gaz import etmegi meýilleşdirýär
Pakistanyň Hökümeti gyşyň düşmegi zerarly gaz ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolup, Owganystanyň üsti bilen gury ýerden Türkmenistandan suwuklandyrylan nebit gazyny import etmek boýunça meýilnama işläp taýýarlady.
Türkmenistanyň Prezidenti YÖB-niň ýolbaşçysy bilen energetika, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy
19-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň (YÖB) ýolbaşçysy Muhammad Al Jasser bilen duşuşygynda saglygy goraýyş, energetika, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.