Doktor Karolina Milow: «Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk — umumy howanyň geljegine goşant»
05:26 23.06.2025 1929
Häzir energetika meseleleri howanyň üýtgemegi bilen üznüksiz bagly bolup durýar. Ol durnukly energetika geçilmegini, arassa tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň ösdürilmegini talap edýär. Global gyzgynlyga garşy göreşmek zyýanly gazlaryň, şol sanda metanyň we kömürturşy gazynyň howa zyňylmasyny azaltmazdan mümkin däldir. Türkmenistanyň 2012-nji ýylda kabul eden we 2019-njy ýylda rejelenen Howanyň üýtgemegi barada milli strategiýa, şeýle hem ýurduň Pariž ylalaşygyna we Metany azaltmak boýunça global borçnama goşulmagy bu ugurda möhüm ädimler boldy.
Durnukly ösüş babatda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň çäklerinde Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen işjeň gatnaşýar. Bu ugurda geçirilýän işleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşmak üçin biz Halkara hyzmatdaşlygynyň nemes jemgyýetiniň maksatnamasynyň (GIZ) direktory doktor Karolina Milowy redaksiýamyza myhmançylyga çagyrdyk.
— Doktor Milow, Siziň maksatnamaňyzyň Türkmenistanda alyp barýan işleriniň esasy ugurlary barada gürrüň beräýseňiz!
— 2019-njy ýylyň iýulynda Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanda wekilhanasyny açdy. Şondan bäri işewür we resmi gatnaşyklaryň görnetin ösmegi göze ilýär, bu bolsa durnukly hyzmatdaşlyga özara gyzyklanmanyň bardygyny görkezýär.
Häzirki wagtda «ÝB Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi ugrunda: syýasy dialog we 2024 — 2028-nji ýyllar üçin klimat hereketleri» atly taslama işjeň durmuşa geçirilýär. Taslama ÝB we Germaniýanyň daşary işler federal ministrligi tarapyndan bilelikde maliýeleşdirilýär. «Ýaşyl Merkezi Aziýa II» maksatnamasynyň çäklerinde bolsa, GIZ tarapyndan amala aşyrylýar. Bu taslamanyň umumy býujeti 4,77 million ýewro. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Energetika ministrligi, «Türkmengaz» döwlet konserni we Daşky gurşawy goramak ministrligi esasy hyzmatdaşlar bolup çykyş edýärler. Taslama 2028-nji ýylyň mart aýynyň ahyryna çenli dowam eder.
— Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan işjeň klimat syýasatyny ýöredýär. Ýurdumyzyň global ekologik meseleleri çözmekde eýeleýän ornuna nähili baha berýärsiňiz?
— Türkmenistan halkara klimat giňişliginde işjeň orny eýeleýär. Ol ilkinjileriň hatarynda «Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça sebit maksatnamasyny» tassyklady, şeýle hem BMG-niň howandarlygynda klimat tehnologiýalarynyň sebit merkezini döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi.
Pariž ylalaşygy boýunça milli goşandyň (NDС) tassyklanylmagy möhüm ädim boldy. Onda Türkmenistan 2010-njy ýyl bilen deňeşdireniňde, 2030-njy ýyla çenli zyýanly gazlaryň zyňyndylaryny 20 göterim kemeltmek borçnamasyny üstüne aldy. Uzak möhletleýin maksat zyňyndylaryň nol görkezijisini gazanmak bolup durýar.
Dubaýda geçirilen COP28-de Türkmenistan metany azaltmak boýunça global borçnama resmi taýdan goşuldy. Bu ýurduň halkara howa gün tertibiniň çäklerinde hereket etmek aýgytlylygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
— Doktor Milow, siziň pikiriňize görä, Türkmenistan ýangyç-energetika toplumynyň derejesinde zyňyndylary azaltmak boýunça wezipeleri nähili amala aşyrýar?
— Biz uly öňegidişligi görýäris. Ýurtda ugurdaş nebitli gazyň gaýtadan işlenilýän mukdary artýar hem-de tebigy gaz ugradylanda ýitgiler peselýär.
Türkmenistan durnukly geljegi işjeň döretmäge ymtylýar. Ýurduň strategiýasy energetikany ösdürmegiň we daşky gurşawy goramagyň arasyndaky deňagramlylyga esaslanýar. Ol ekologiýa standartlaryny ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen uzakmöhletli taslamalara goşmak isleginde öz beýanyny tapýar.
Biz Türkmenistanyň energiýa netijeliligine, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ösdürmäge we uglerod gazyny azaltmaga üns berýändigini aýdyň görýäris. Şonuň bilen baglylykda, tebigy gaz gazylyp alynýan ekologik taýdan arassa serişde hökmünde möhüm orun eýeleýär. Türkmenistan gaza ýöne bir eksport önümi däl-de, eýsem, has arassa energetika geçmegiň guraly hökmünde hem garaýar. Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň milli strategiýasy, «Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli döwürde gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça milli strategiýa» ýaly maksatnamalar hem-de «gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» täze kabul edilen Türkmenistanyň Kanuny munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Galyberse-de, Türkmenistanda halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça 2025 — 2026-njy ýyllar üçin Ýol kartasy kabul edildi, ol Metany azaltmak boýunça global borçnamada göz öňünde tutulan maksatlara we wezipelere ýetmäge gönükdirilendir. Şeýle hem Ýol kartasy klimat boýunça Pariž ylalaşygynyň, BMG-niň Howanyň üýtgemegi hakynda Çarçuwaly konwensiýasynyň hem-de ekologiýa we daşky gurşawy goramak hakynda beýleki halkara köptaraplaýyn we milli resminamalaryň amala aşyrylmagyny ugur edinýär. Ol ýurduň energetika ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak arkaly 2030-njy ýyla çenli metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça Türkmenistanyň maksatlaryny ýene bir gezek tassyklamaga, bu ugurda dünýä bileleşiginiň ählumumy tagallalaryna goşulmaga gönükdirilendir.
Biziň taslamamyz halkara ölçeglerini, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ornaşdyrmak arkaly şol tagallalary goldamaga gönükdirilendir. Biz şeýle hem ÝB-niň we Türkmenistanyň arasynda klimat meseleleri boýunça syýasy dialogy giňeltmäge ýardam edýäris.
— Sebit boýunça başlangyçlar barada jikme-jik gürrüň beräýseňiz!
— Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça kabul edilen Sebit maksatnamasy utgaşdyrylan hereketlere tarap möhüm ädim bolup durýar. Ol her ýurduň — Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň ileri tutýan ugurlaryny beýan edýär we suw serişdelerini dolandyrmak, energetika, ýerden peýdalanmak ýaly ugurlarda tagallalary birleşdirýär. Bu sebitiň durnukly geljeginiň bähbidine hakyky halkara hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysaly bolup durýar.
— Doktor Milow, GIZ-niň Türkmenistanda «ýaşyl» tehnologiýalary ösdürmäge gatnaşygy barada aýdaýsaňyz!
— Biz energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini we energotygşytlylygy ilerletmek boýunça işleri alyp barýarys. Mary şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldamagy bilen ýaşlaryň klimat maslahatyny geçirdik. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň ýaşlary tarapyndan energotygşytlylyk, energonetijelilik we EGDÇ-ni peýdalanmagyň meseleleri barada ilatyň dürli gatlaklarynyň — talyplardan we mugallymlardan başlap, ýerli jemgyýetleriň we döwlet düzümleriniň wekilleriniň habarlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen Maglumat strategiýasyny işläp taýýarlamak barada teklip beýan edildi. Bu başlangyç möhüm ugurlaryň biri hökmünde Türkmenistanyň ýaşlarynyň 2025-nji ýyl üçin klimat babatda hereketleri boýunça Ýol kartasyna goşuldy. Biziň taslamamyz şol maksatnamany işläp taýýarlamaga we geljekde ony amala aşyrmaga ýardam eder.
Şeýle hem «ÝB Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi ugrunda: syýasy dialog we 2024 — 2028-nji ýyllar üçin klimat hereketleri» atly taslama «Türkmengaz» döwlet konserniniň ylmy-barlag tebigy gaz institutynda ýakynda döredilen Maglumat-seljeriş merkezini döwrebap enjamlar bilen üpjün etdi. Bu başlangyç Türkmenistanyň has durnukly we ekologik taýdan arassa geljege geçmäge barýan ýolunda uly ädimi alamatlandyryp, ylmy barlaglary we seljermäni geçirmäge mümkinçilik döredýär.
Maglumat-seljeriş merkezi hünär derejelerini ýokarlandyrmak maksatnamalarynyň, seminarlaryň hem-de täze tehnologiýalary we usullary ornaşdyrmagyň hasabyna «Türkmengaz» döwlet konserniniň, şeýle hem ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleriniň hünär derejelerini we mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga ýardam eder. Bulardan başga-da, Merkez öňdebaryjy IT-enjamlar we LDAR (gazyň syzmalaryny gözläp tapmak we öňüni almak) ýaly ölçeg abzallary bilen işlemegiň amaly tejribesini toplamaga ýardam edip, dürli halkara hemra çeşmelerinden alnan metanyň zyňyndylary barada maglumatlary toplamakda, işlemekde we barlamakda hünärmenleriň endiklerini kämilleşdirmäge mümkinçilik döreder. Şunuň ýaly toplumlaýyn çemeleşme gaz ulgamynda hünär endiklerini ýokarlandyrmaga we täzeçil ylmy taslamalary ilerletmäge ýardam eder.
Bu taslama Türkmenistanyň durnukly we ekologiýa taýdan arassa energetikasy babatda möhüm ädim bolup, Metan boýunça ählumumy ylalaşykda we Pariž ylalaşygynda göz öňünde tutulan borçnamalaryň ýerine ýetirilmegini hem-de Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasynda howa, energetika we daşky gurşawy goramak babatda hyzmatdaşlygyň berkidilmegini ugur edinýär.
— Ýakynda siz «ýaşyl» energetika meseleleri boýunça bäsleşik yglan etdiňiz, ol ýurtda uly gyzyklanma döretdi. Onuň maksady nämeden ybarat?
— Bäsleşik 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde geçirilýär. Onuň ugry — giň ilat arasynda durnukly ösüş, EGDÇ we energiýa tygşytlaýyş temalaryny wagyz etmek. Bäsleşik Halkara hyzmatdaşlygy boýunça german jemgyýeti tarapyndan «Türkmengaz» DK, «Nebit-gaz» gazeti we Ussatnews saýty bilen bilelikde guraldy.
Bäsleşigiň baş maksady diňe ýaşyl energetika meselelerine ünsi çekmek däl-de, eýsem, möhüm meseleleriň: energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, energonetijelilik, tebigy serişdeleri rejeli ulanmak ýaly meseleler boýunça jemgyýetçilik dialogyny höweslendirmek bolup durýar. Biz hünär ussatlaryny, şeýle hem Türkmenistanyň hakyky keşbine kybap gelýän täze garaýyşlary we innowasion çözgütleri teklip etmäge ukyply ýaş awtorlary hem çekmäge çalyşýarys.
Bäsleşik has giň başlangyjyň — «Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi ugrunda» atly taslamanyň hem bir bölegi bolup durýar, ol ÝB-niň we Germaniýanyň goldaw bermeginde GIZ tarapyndan amala aşyrylýar. Ýeňijiler diňe gymmat bahaly baýraklary almak bilen çäklenmän, eýsem, ýurduň ekologiýa taýdan howpsuz we durnukly ösüşini ugur edinýän hünärli jemgyýetiň bir bölegine öwrülmek mümkinçiligine hem eýe bolarlar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda belleýşi ýaly, geljek diňe tehniki ösüşi däl-de, eýsem, energetiki serişdelere aňly-düşünjeli garaýşy hem talap edýär. Biz şeýle başlangyçlar arkaly diňe bilimleri ýaýratmaga däl-de, eýsem, «ýaşyl» ykdysadyýet pikiriniň oňyn jemgyýetçilik garaýşyny emele getirip biljekdigimize ynanýarys.
— Doktor Milow, beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! Köp sanly okyjylarymyzyň adyndan size Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň bähbidine alyp barýan işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýäris.
— Minnetdar. Bilelikdäki tagallalarymyzyň Türkmenistan üçin, şeýle hem tutuş Merkezi Aziýa sebiti üçin ekologiýa taýdan arassa we durnukly geljegi gurmaga goşant boljakdygyna ynanýaryn.
Ussa USSAÝEW,
«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory.
Türkiýä, Russiýa we Özbegistana 600 tonna töweregi polipropilen ýüplügi eksport edildi
«Bagtyýar gurluşyk» hojalyk jemgyýeti 600 tonna töweregi polipropilen ýüplügini eksport etdi. Hususan-da, kompaniýa bu önümi Türkiýä, Russiýa we Özbegistana iberdi diýip, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi habar berdi.
Türkmenistanda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy bellenildi
9-njy maýda Türkmenistanda şanly baýram — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy bellenildi. Aşgabatdaky “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirilen gül goýmak dabarasyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy
9-njy maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna bardy. Ol ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Moskwada geçirilýän dabaraly çärelere gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
2021-nji ýylda Türkmenistanyň Gruziýa nebit we nebit önümleriniň eksportyndan girdejisi 191 mln dollardan geçdi
2021-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Gruziýa nebit we nebit önümleriniň eksporty 191,8 million dollara barabar boldy, bu 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 186,2% artykdyr. Bu barada Trend agentligi Gruziýanyň Milli statistika müdirligine salgylanyp habar berýär.
Nebitgaz toplumynda dört aýyň jemlerine garaldy
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 8-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.