Gahryman Arkadagymyz we Türkiýäniň wekilleri energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerini bellediler
11:19 21.03.2025 3245
19-njy martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyza sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň hem-de “BOTAŞ” kompaniýasynyň Baş direktory Abdulwahid Fidanyň arasynda geçirilen duşuşykda energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçilikleri bellenilip geçildi diýip, TDH habar berýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri wekiliýetiň türkmen kärdeşleri bilen duşuşyklaryň ýurtlarymyzyň energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge uly itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Aşgabatda geçirilýän foruma gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmeginiň güwäsi bolup durýandygyny belledi.
Häzirki wagtda Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşy bolmak bilen, daşary söwda dolanyşygynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, maýa goýumlar pudaklarynda netijeli ikitaraplaýyn we sebit derejesindäki gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady
Türkmenistan ýangyç-energetika pudagyny döwrebaplaşdyrmaga, energiýa serişdelerini dünýä bazaryna ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýa arkaly giňeltmäge esaslanýan syýasaty durmuşa geçirýär. Şeýle hem uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek bilen, dünýä we sebit bazarlarynda uly isleg bildirilýän ekologik taýdan arassa, ýokary hilli önümleriň önümçiligini ýola goýmak üçin dürli taslamalary amala aşyrýar.
Gahryman Arkadagymyz tebigy serişdeleriň ägirt uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyzyň energetika pudagynda Türkiýe Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklap, türkmen tebigy gazynyň doganlyk ýurda iberilmeginiň, şol ýerden bolsa Ýewropa ýurtlaryna çykarylmagynyň möhüm meseleleriň biridigini belledi.
Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda türkmen tebigy gazy Eýran Yslam Respublikasynyň üstünden “swap” usuly arkaly Türkiýe Respublikasyna ugradylýar. Şeýle hem Hazar deňziniň türkmen kenarynda gurulýan utgaşykly dolanyşykda işlejek elektrik stansiýasynyň işe girizilmegi bilen, elektrik energiýasyny deňziň üstünden goňşy döwletlere, şol sanda doganlyk Türkiýe Respublikasyna we beýleki ýurtlara eksport etmek mümkinçiligi dörär.
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň agzalyp geçilen ugurlar we başga-da özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça türk tarapynyň anyk tekliplerine seretmäge hem-de netijeli başlangyçlaryny goldamaga taýýardygyny aýtdy.
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 2000 dollardan geçdi
Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metri üçin 2000 dollardan geçdi.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine
Siziň ähliňizi ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilýän hünär baýramyňyz — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly bellenildi
Türkmenistanda 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 27 ýyllygy dabaraly bellenildi.
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň üstünlikleri
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ynamly ädimler bilen ösüşiň täze belentliklerine barýar. Muňa kärhananyň şu ýylda gazanýan üstünlikleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we GFR-iň Kansleri döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar
Sişenbe güni Gazagystanda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçýän «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.