Gahryman Arkadagymyz Aşgabatdaky halkara forumda TOPH taslamasynyň geosyýasy we geoykdysady ähmiýeti barada aýtdy

11:20 21.03.2025 3672

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/13548/original-167dbd0a19a10f.jpg

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 19-njy martda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahatynda eden çykyşynda TOPH taslamasynyň geosyýasy we geoykdysady ähmiýeti barada aýtdy.

“Energiýa çeşmelerini, ulag geçelgelerini, bar bolan üpjünçilik ulgamlaryny diwersifikasiýa etmek bilen, täze iri ykdysady taslamalary amala aşyrmagy öňe sürýär. Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk muňa mysal bolup biler. Agzalan sebitlerde häzir durmuşa geçirilýän energetika, ulag hem-de üpjünçilik taslamalarynyň geosyýasy we geoykdysady ähmiýetine siziň ünsüňizi çekmek isleýärin. Bu taslamalar täze energetika, ulag, senagat, tehnologik geçelgeleri döretmek arkaly Merkezi we Günorta Aziýa sebitlerini birleşdirmäge gönükdirilendir” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi örän möhüm taslamalaryň biridir. Bu taslamanyň maksady häzirki döwürde jemi 1 milliard 750 million ilaty bolan ýurtlary tebigy gaz bilen üpjün etmekdir.

“Häzir biz bu taslamanyň işleriniň bellenen maksatnama laýyklykda alnyp barylýandygyny ynam bilen aýdyp bileris. Bu gaz geçirijiniň ýurdumyzyň çäklerinden geçýän, uzynlygy 214 kilometr bolan bölegi guruldy. Geçen ýylyň sentýabrynda bolsa onuň 153 kilometrlik Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat böleginiň gurluşygyna badalga berildi. Häzirki wagtda onuň gurluşygy Owganystanyň çäklerinde dowam etdirilýär” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy barada aýtmak bilen, onuň ýokary ýaşaýyş-durmuş ähmiýetini aýratyn bellemek isleýärin. Hünärmenleriň baha bermegine görä, gaz geçirijiniň we degişli üpjünçilik ulgamlarynyň, täze edara-kärhanalaryň gurulmagy Owganystanda 12 müň iş ornuny döretmäge mümkinçilik berer.

“Bu ýurtda ençeme möhüm ynsanperwer soraglary çözmäge ýardam eder. Taslamanyň amala aşyrylmagy köp sanly ýuridik, täjirçilik, maliýe meselelerini çözmek bilen baglydyr. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň çäklerinde nebitgaz ulgamynda işler halkara tejribede emele gelen kadalara we standartlara laýyklykda alnyp barylmalydyr” diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu maslahatyň energetika kompaniýalarynyň, konsalting firmalarynyň we banklaryň ýolbaşçylaryna, hünärmenlerine hem-de bilermenlerine Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň çäklerinde bilelikde işlemek barada pikir alyşmaga mümkinçilik berjekdigine ynanýandygyny beýan etdi.

Başga makalalar
161c2dbcec21c6.jpeg
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 2000 dollardan geçdi

Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metri üçin 2000 dollardan geçdi.


16399511c55142.jpeg
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine

Siziň ähliňizi ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilýän hünär baýramyňyz — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


163980e7ea9db6.jpeg
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly bellenildi

Türkmenistanda 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 27 ýyllygy dabaraly bellenildi.


161c2dc7f5f71d.jpeg
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň üstünlikleri

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ynamly ädimler bilen ösüşiň täze belentliklerine barýar. Muňa kärhananyň şu ýylda gazanýan üstünlikleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.


166e9786c6bfdf.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti we GFR-iň Kansleri döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar

Sişenbe güni Gazagystanda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçýän «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.