Türkmenistan ulag, energetika, innowasiýa ulgamlarynda Merkezi Aziýa bilen Hytaýyň hyzmatdaşlygyny giňeltmegi teklip edýär
13:48 19.06.2025 5229
17-nji iýunda Astanada “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatyndaky ikinji sammitinde eden çykyşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow ulag, energetika, innowasiýa ulgamlarynda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň hyzmatdaşlygyny giňeltmegi teklip edýär.
“Ulag-kommunikasiýa pudagy altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasynyň mazmuny boýunça Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjyna laýyk gelýändigini bellemek gerek. Bu iki başlangyç ykdysady ösüşi üpjün etmäge, ugurdaş infrastrukturany döwrebaplaşdyrmaga, halklaryň arasynda medeni gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga gönükdirilendir” diýlip, metbugatda çap edilen çykyşda aýdylýar.
“Taryhyň dowamynda Beýik Ýüpek ýoly Gündogar bilen Günbatary baglanyşdyryp, harytlary alyşmaga hem-de medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga ýardam beripdir. Häzirki wagtda ýurdumyz bu taryhy mirasy täzeden dikeltmegi maksat edinip, tutuş sebitiň ykdysady ösüşi üçin ulag geçelgeleriniň, logistikanyň möhüm ähmiýetine ünsi çekýär. Şunuň bilen birlikde, medeni-ynsanperwer ugur sebitiň ýurtlary bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup çykyş edýär” diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Türkmenistan biziň formatymyzyň çäklerinde energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda-da çykyş edýär we munuň üçin oňyn şertler bar diýip hasaplaýar diýip, döwlet Baştutany sözüni dowam etdi hem-de ýurdumyzyň türkmen tebigy gazynyň iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny tassyklady.
“Elektroenergetika hem energetika hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýar. Bu babatda Türkmenistan elektrik energiýasynyň iberilýän ugurlaryny we möçberlerini artdyrmak ugrunda çykyş edýär” diýip, döwlet Baştutany belledi.
Döwlet Baştutany innowasion hyzmatdaşlyk barada-da belläp, Türkmenistanyň hytaýly hyzmatdaşlar tarapyndan bu ugra has uly üns berilmegine umyt edýändigini aýtdy hem-de emeli aňy ulanmak, hemra we kosmos ylmy-barlag işlerini geçirmek, sanlylaşdyrmak, maglumat platformalary, programma üpjünçiligi ýaly birnäçe tehnologik ugurlar boýunça bilelikdäki maksatnamalaryňdyr taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň özara ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrjakdygyna, beýleki bir tarapdan, Merkezi Aziýanyň çäginde tehnologik hyzmatlaryň durnukly bazaryny döretmäge, hünärmenleri we tejribeleri alyşmaga, milli tehnologik mekdepleri çalt depginde ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
“Bu strategik wezipe Merkezi Aziýanyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda bilelikdäki ösüşiň uly taslamasynyň çäklerindäki gatnaşyklaryň geljegine maýa goýumdyr” diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.
Türkmenistanda keramika önümlerini öndürýän iri zawod ulanyşa girizildi
12-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze desganyň — Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
Awgust aýyndan OPEC-e Kuweýtiň wekili başlyklyk eder
OPEC-iň nobatdan daşary mejlisinde ministrler guramanyň täze baş sekretary wezipesine — 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap üç ýyl möhlete Kuweýtden Haýtam Al-Gaýsy (Haitham Al-Qais) saýladylar diýip, Interfaks habar berýär.
HNGU-nyň wekilleri Pekinde halkara foruma gatnaşdylar
Türkmenistanyň wekiliýeti 1-2-nji oktýabrda Pekinde Hytaýyň nebit uniwersitetiniň 70 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Uglerod bitaraplygyna ýetmegiň ugrunda: Bilim, tehnologiýalar, zehinler» atly halkara maslahatyna gatnaşdylar.
Pakistan Türkmenistandan suwuklandyrylan gaz import etmegi meýilleşdirýär
Pakistanyň Hökümeti gyşyň düşmegi zerarly gaz ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolup, Owganystanyň üsti bilen gury ýerden Türkmenistandan suwuklandyrylan nebit gazyny import etmek boýunça meýilnama işläp taýýarlady.
Türkmenistanyň Prezidenti YÖB-niň ýolbaşçysy bilen energetika, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy
19-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň (YÖB) ýolbaşçysy Muhammad Al Jasser bilen duşuşygynda saglygy goraýyş, energetika, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.