Türkmenistanyň wekiliýeti Russiýada halkara ykdysady forumda çykyş eder
15:30 16.06.2025 2796
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, wise-premýer N.Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Russiýa Federasiýasynda gulluk iş saparynda bolar.
Sapar 2025-nji ýylyň 17 — 21-nji iýuny aralygynda amala aşyrylar. Türkmen wekiliýeti Sankt-Peterburgda geçirilmegi däbe öwrülen halkara ykdysady foruma gatnaşar. Forum döwlet düzümleriniň, işewür toparlaryň, bilermenler jemgyýetiniň we halkara guramalarynyň wekillerini bir ýere jemlär.
Forumyň çäklerinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmegiň, "ýaşyl" ykdysadyýetiň, logistikanyň we beýleki möhüm ugurlaryň meseleleri maslahatlaşylar.
Türkmenistanda keramika önümlerini öndürýän iri zawod ulanyşa girizildi
12-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze desganyň — Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
Awgust aýyndan OPEC-e Kuweýtiň wekili başlyklyk eder
OPEC-iň nobatdan daşary mejlisinde ministrler guramanyň täze baş sekretary wezipesine — 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap üç ýyl möhlete Kuweýtden Haýtam Al-Gaýsy (Haitham Al-Qais) saýladylar diýip, Interfaks habar berýär.
HNGU-nyň wekilleri Pekinde halkara foruma gatnaşdylar
Türkmenistanyň wekiliýeti 1-2-nji oktýabrda Pekinde Hytaýyň nebit uniwersitetiniň 70 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Uglerod bitaraplygyna ýetmegiň ugrunda: Bilim, tehnologiýalar, zehinler» atly halkara maslahatyna gatnaşdylar.
Pakistan Türkmenistandan suwuklandyrylan gaz import etmegi meýilleşdirýär
Pakistanyň Hökümeti gyşyň düşmegi zerarly gaz ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolup, Owganystanyň üsti bilen gury ýerden Türkmenistandan suwuklandyrylan nebit gazyny import etmek boýunça meýilnama işläp taýýarlady.
Türkmenistanyň Prezidenti YÖB-niň ýolbaşçysy bilen energetika, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy
19-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň (YÖB) ýolbaşçysy Muhammad Al Jasser bilen duşuşygynda saglygy goraýyş, energetika, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.