“Türkmennebit” DK-nyň “Nebitgazçykaryş” tresti 2025-nji ýylyň başyndan bäri 1,2 mln tonnadan gowrak nebit çykardy
15:20 11.06.2025 4069
2025-nji ýylyň başyndan bäri “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazçykaryş” tresti tarapyndan 1 million 278 müň 817 tonna “gara altyn” çykaryldy. Bu görkezijide “Nebitgazburawlaýyş” trestiniň burawçylarynyň zähmeti möhüm orun eýeleýär. Olar ýylyň başyndan bäri jemi 57 müň 246 metr önümçilik, şeýle-de 16 müň 51 metr gözleg guýularyny burawladylar.
“Burnebitgazhyzmat” müdirligi buraw işleriniň bökdençsiz alnyp barylmagy üçin zerur turbalary öz wagtynda ýetirýär. Müdirlikde agramy 12,5 tonna bolan köpri kranlar, 12-den 25 tonna çenli awtomobil kranlary we turba daşamak üçin ýöriteleşdirilen kuwwatly ulag serişdeleri yzygiderli hyzmat edýär.
Müdirligiň ygtyýarynda Goturdepe, Körpeje, Ekerem we Akpatlawuk önümçilik desgalarynda turba meýdançalary bar. Şeýle-de Barsagelmez we Uzynada känlerindäki buraw işleri üçin hem turba üpjünçiligi ýola goýuldy.
Müdirligiň düzüminde dört bölüm hereket edýär, olar buraw işlerinde ulanylýan obsadka turbalarynyň täzeden dikeldilmegi bilen meşgullanýarlar. Edaranyň garamagyndaky “ASW-1050” we “ASW-700” ýaly kuwwatly enjamlar burawçylara ugradylýan turbalaryň tehniki ýagdaýyny we basyşa durnuklylygyny anyk kesgitlemäge mümkinçilik berýär.
Nähili ýagdaýda gelendiklerine garamazdan — täze bolsun ýa-da ulanylan — ähli turbalar önümçilige ugradylmazdan ozal buraw turbalaryny abatlaýyş boýunça tehniki barlag sehinde gözden geçirilýär we degişli pasportlaşdyryşdan geçirilýär.
Türkmenistanda keramika önümlerini öndürýän iri zawod ulanyşa girizildi
12-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze desganyň — Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
Awgust aýyndan OPEC-e Kuweýtiň wekili başlyklyk eder
OPEC-iň nobatdan daşary mejlisinde ministrler guramanyň täze baş sekretary wezipesine — 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap üç ýyl möhlete Kuweýtden Haýtam Al-Gaýsy (Haitham Al-Qais) saýladylar diýip, Interfaks habar berýär.
HNGU-nyň wekilleri Pekinde halkara foruma gatnaşdylar
Türkmenistanyň wekiliýeti 1-2-nji oktýabrda Pekinde Hytaýyň nebit uniwersitetiniň 70 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Uglerod bitaraplygyna ýetmegiň ugrunda: Bilim, tehnologiýalar, zehinler» atly halkara maslahatyna gatnaşdylar.
Pakistan Türkmenistandan suwuklandyrylan gaz import etmegi meýilleşdirýär
Pakistanyň Hökümeti gyşyň düşmegi zerarly gaz ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolup, Owganystanyň üsti bilen gury ýerden Türkmenistandan suwuklandyrylan nebit gazyny import etmek boýunça meýilnama işläp taýýarlady.
Türkmenistanyň Prezidenti YÖB-niň ýolbaşçysy bilen energetika, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy
19-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň (YÖB) ýolbaşçysy Muhammad Al Jasser bilen duşuşygynda saglygy goraýyş, energetika, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.