Seminar geçirildi
04:20 10.06.2025 2747
Geçen hepdede «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda energiýa pudagynda metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça düzgünnama laýyklykda, Ýewropa Bileleşiginiň energiýa çeşmelerini import etmek baradaky täze talaplary dogrusynda gibrid görnüşinde seminar geçirildi. Bu çäre Ýewropa Bileleşigi we Germaniýanyň Federal daşary işler edarasy tarapyndan maliýeleşdirilýän we GIZ tarapyndan durmuşa geçirilýän «Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin: Ýewropa Bileleşigi (ÝB) 2024 — 2028-nji ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler» taslamasynyň çäginde guraldy.
Seminar Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasynda howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmaga we daşky gurşawy goramaga gönükdirilen klimat syýasaty babatynda tejribe alyşmak üçin möhüm platforma öwrüldi.
Çäräniň dowamynda energiýa pudagynda we global üpjünçilik zynjyrlarynda metanyň zyňyndylaryny azaltmagy göz öňünde tutýan täze ÝB-niň Metan düzgünnamasy bilen tanyşdyryldy. Bu resminama gözegçilik, hasabat bermek, barlamak (werifikasiýa) we zyňyndylary azaltmak üçin anyk talaplary kesgitleýär.
BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň nebitgaz pudagynda aýdyňlygy ýokarlandyrmaga we metanyň zyňyndylaryny azaltmaga gönükdirilen öňdebaryjy maksatnamasy bolan OGMP 2.0 başlangyjyna hem aýratyn üns berildi. OGMP 2.0 global maglumatlar binýadyny döredýän we bu ugurdaky ösüşe gözegçilik edýän Halkara Metan zyňyndylary synlaýyş merkezi (IMEO) üçin esasy maglumat çeşmesi bolup hyzmat edýär.
Çäräniň dowamynda IMEO-MARS platformasy — «Metanyň zyňyndylary barada duýduryş, jogap ulgamy» we dünýädäki esasy metanyň syzyşlaryny ýüze çykarmaga ukyply GHGSat infragyzyl tehnologiýalaryny öz içine alýan häzirki zaman emeli hemra esasly gözegçilik tehnologiýalary barada hem giňişleýin maglumat berildi. Mälim bolşy ýaly, bu gurallar ÝB-niň täze kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň berjaý edilmegini üpjün etmek, energiýa pudagynda daşky gurşaw jogapkärçiligini ýokarlandyrmak üçin möhüm gurallar hökmünde ykrar edildi.
Bu çäre ÝB-niň öňdebaryjy tejribäni paýlaşmak, durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, zyňyndylaryň azalmagyny öňe sürmek meselesine ygrarlydygyny görkezdi.
Ýewropa Komissiýasynyň Energetika baş müdirliginiň (DG ENER) wekiliniň nygtaýşy ýaly, täze Metan düzgünnamasynyň kabul edilmegi bilen, parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça dünýä derejesinde möhüm ädimiň ädilýändigini bellemelidir. Bu resminama diňe bir durnukly tejribäni öňe sürmek bilen çäklenmän, geljekde halkara energiýa bazaryndaky ornuny hem güýçlendirýär.
Türkmenistanda keramika önümlerini öndürýän iri zawod ulanyşa girizildi
12-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze desganyň — Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
Awgust aýyndan OPEC-e Kuweýtiň wekili başlyklyk eder
OPEC-iň nobatdan daşary mejlisinde ministrler guramanyň täze baş sekretary wezipesine — 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap üç ýyl möhlete Kuweýtden Haýtam Al-Gaýsy (Haitham Al-Qais) saýladylar diýip, Interfaks habar berýär.
HNGU-nyň wekilleri Pekinde halkara foruma gatnaşdylar
Türkmenistanyň wekiliýeti 1-2-nji oktýabrda Pekinde Hytaýyň nebit uniwersitetiniň 70 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Uglerod bitaraplygyna ýetmegiň ugrunda: Bilim, tehnologiýalar, zehinler» atly halkara maslahatyna gatnaşdylar.
Pakistan Türkmenistandan suwuklandyrylan gaz import etmegi meýilleşdirýär
Pakistanyň Hökümeti gyşyň düşmegi zerarly gaz ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolup, Owganystanyň üsti bilen gury ýerden Türkmenistandan suwuklandyrylan nebit gazyny import etmek boýunça meýilnama işläp taýýarlady.
Türkmenistanyň Prezidenti YÖB-niň ýolbaşçysy bilen energetika, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy
19-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň (YÖB) ýolbaşçysy Muhammad Al Jasser bilen duşuşygynda saglygy goraýyş, energetika, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.