Täze gidrawlik enjam netijeliligi bilen tapawutlanýar
04:10 10.06.2025 3256
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň geologiýa we geohimiýa kafedrasynda «Buraw turbalarynyň boşluklaryndan howany gysyp çykarmak üçin innowasion gidrawlik enjam» işlenip düzüldi.
Agzalan ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary — tehniki ylymlaryň doktory Arslan Geldimyradow, uly mugallym Döwran Esenow, uly mugallym Rejepguly Gulmämmedow, mugallym Mahmut Haýdarow tarapyndan oýlanyp tapylan enjama Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugyndan 956 belgili çäklendirilen patent alyndy.
Innowasion gidrawlik enjam burawlaýjy turbalar, oturtma sütünler guýa goýberilen wagty olaryň içini buraw ergini bilen dolduryp, buraw turbalarynyň, oturtma sütünleriniň içki boşluklaryndaky howa toplanmalaryny gysyp çykarmak üçin niýetlenendir.
Bu enjamy önümçilige ornaşdyrmak maksady bilen Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň mugallymlary hem-de «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň hünärmenleri bilelikde «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň «Galkynyş» gaz känindäki 261-nji guýusynda 1 müň 600 metr, 263-nji guýusynda 2 müň 350 metr, 231-nji guýusynda 3 müň 496 metr we 264-nji guýusynda 4 müň 19 metr çuňluklarda ulanyp, üstünlikli synag edildi. Synagyň netijesinde guýularda buraw işlerini kämilleşdirmek boýunça ylmy taýdan işlenip düzülen innowasion gidrawlik enjamy önümçilik işlerinde ulanmak bilen, guýulary burawlamak prosesinde guýynyň düýbündäki basyşyň üýtgemegi netijesinde ýüze çykýan päsgelçilikleriň öňüni alyp bolýandygyna göz ýetirildi.
Bu mugallymlaryň işleriniň ýene-de biri «Pnewmatiki suw çüwdürimli ýuwujy enjam» diýip atlandyrylýar. Ol buraw desgalaryny, onuň agregatlaryny, detallaryny ýuwmak, arassalamak, iş wagtyny, suwy tygşytlamak, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek, netijede, çykdajylary azaltmak, çylşyrymly tehnologiýalaryň kadaly, ýokary hilli, uzak möhletli işledilmegini gazanmak maksady bilen işlenip düzüldi. Bu enjama hem Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugyndan 935 belgili çäklendirilen patent alyndy.
Türkmenistanda keramika önümlerini öndürýän iri zawod ulanyşa girizildi
12-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze desganyň — Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
Awgust aýyndan OPEC-e Kuweýtiň wekili başlyklyk eder
OPEC-iň nobatdan daşary mejlisinde ministrler guramanyň täze baş sekretary wezipesine — 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap üç ýyl möhlete Kuweýtden Haýtam Al-Gaýsy (Haitham Al-Qais) saýladylar diýip, Interfaks habar berýär.
HNGU-nyň wekilleri Pekinde halkara foruma gatnaşdylar
Türkmenistanyň wekiliýeti 1-2-nji oktýabrda Pekinde Hytaýyň nebit uniwersitetiniň 70 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Uglerod bitaraplygyna ýetmegiň ugrunda: Bilim, tehnologiýalar, zehinler» atly halkara maslahatyna gatnaşdylar.
Pakistan Türkmenistandan suwuklandyrylan gaz import etmegi meýilleşdirýär
Pakistanyň Hökümeti gyşyň düşmegi zerarly gaz ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolup, Owganystanyň üsti bilen gury ýerden Türkmenistandan suwuklandyrylan nebit gazyny import etmek boýunça meýilnama işläp taýýarlady.
Türkmenistanyň Prezidenti YÖB-niň ýolbaşçysy bilen energetika, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy
19-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň (YÖB) ýolbaşçysy Muhammad Al Jasser bilen duşuşygynda saglygy goraýyş, energetika, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.