Türkmenistanyň we Filippinleriň wekilleri energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
06:28 08.06.2025 4399
5-nji iýunda «Türkmengaz», «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň wekilleri Filippinler Respublikasynyň Energetika ministrligi bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdiler. Bu barada Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy habar berýär.
Duşuşykda filippin tarapyna ýurduň Energetika ministrliginiň Energetika syýasaty we meýilnamasyny düzmek býurosynyň direktory Maýkl Sinokrus ýolbaşçylyk etdi. Gepleşikleriň dowamynda Filippinleriň energetika ulgamynyň häzirki ýagdaýy, onuň geljekki ösüş meýilnamalary we ýurduň halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek babatyndaky gyzyklanmasy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen tarapy öz gezeginde uglewodorod we himiýa serişdelerini özleşdirmek boýunça döwlet maksatnamalary, şeýle hem energetika we himiýa pudaklarynda durmuşa geçirilýän iri taslamalar barada giňişleýin maglumat berdi. Şeýle-de daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen alnyp barylýan bilelikdäki işler barada maglumat ýetirildi.
Taraplar özara gyzyklanma döredýän hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň netijesinde gepleşikleri dowam etdirmäge hem-de degişli ugurlarda bilelikdäki teklipleri taýýarlamaga gyzyklanma bildirildi.
Türkmenistanda keramika önümlerini öndürýän iri zawod ulanyşa girizildi
12-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze desganyň — Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
Awgust aýyndan OPEC-e Kuweýtiň wekili başlyklyk eder
OPEC-iň nobatdan daşary mejlisinde ministrler guramanyň täze baş sekretary wezipesine — 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap üç ýyl möhlete Kuweýtden Haýtam Al-Gaýsy (Haitham Al-Qais) saýladylar diýip, Interfaks habar berýär.
HNGU-nyň wekilleri Pekinde halkara foruma gatnaşdylar
Türkmenistanyň wekiliýeti 1-2-nji oktýabrda Pekinde Hytaýyň nebit uniwersitetiniň 70 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Uglerod bitaraplygyna ýetmegiň ugrunda: Bilim, tehnologiýalar, zehinler» atly halkara maslahatyna gatnaşdylar.
Pakistan Türkmenistandan suwuklandyrylan gaz import etmegi meýilleşdirýär
Pakistanyň Hökümeti gyşyň düşmegi zerarly gaz ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolup, Owganystanyň üsti bilen gury ýerden Türkmenistandan suwuklandyrylan nebit gazyny import etmek boýunça meýilnama işläp taýýarlady.
Türkmenistanyň Prezidenti YÖB-niň ýolbaşçysy bilen energetika, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy
19-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň (YÖB) ýolbaşçysy Muhammad Al Jasser bilen duşuşygynda saglygy goraýyş, energetika, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.