Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkyny Gurban baýramy bilen gutlady

13:49 06.06.2025 4762

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/14213/original-16842985c89674.jpg

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmenistanlylary Gurban baýramy bilen gutlady.

“Sizi umumadamzat gymmatlyklaryny baýlaşdyrýan hem-de belent ynsanperwerlik gatnaşyklaryny pugtalandyrýan Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn” diýlip, 6-njy iýunda merkezi neşirlerde çap edilen gutlagda bellenilýär.

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň güneşe baý tomus paslynyň ilkinji günlerinde giňden bellenilýän Gurban baýramy Gündogar halklary bilen birlikde, türkmen halkynyň asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip gelinýän belent ahlak gymmatlyklaryny, ynanç-adatlaryny özünde jemläp, ynsanperwerligi hem-de hoşniýetliligi dabaralandyrýar. Şoňa görä-de, agzybirlikde ýaşaýan, döredýän, gurýan mähriban halkymyz mukaddes Gurban baýramyny milli däp-dessurlarymyza, adatlarymyza laýyklykda giňden belleýär” diýip, döwlet Baştutany belleýär.

“Ynsanyýetiň iň gözel, iň ajaýyp gymmatlyklaryny özünde jemleýän bu baýramyň şanyna üç günüň dowamynda welaýatlarymyzyň merkezlerinde, etrapdyr obalarymyzda, dünýäniň iň owadan şäherlerine öwrülen Aşgabadyň we Arkadagyň seýilgählerinde, medeni merkezlerinde, teatrlarynda şöhratly geçmişimize, şu günümize buýsanjy artdyrýan baý mazmunly, köpöwüşginli aýdym-sazly baýramçylyk çäreleri uly dabaralar bilen geçirilýär” diýip, Serdar Berdimuhamedow nygtaýar.

“Jemgyýetimiziň ruhy sagdynlygy, milletimiziň ahlak kämilligi biziň esasy maksadymyzdyr. Şoňa görä-de, watandaşlarymyzyň yslam dünýäsiniň mukaddesliklerine zyýarat etmek, namaz okamak, oraza tutmak ýaly mukaddes borçlaryny hem-de parz amallaryny göwnejaý berjaý etmekleri üçin ähli şertleri döredýäris. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň giňden we dabaraly bellenýän ýylynda hem yslam dünýäsiniň merkezi bolup durýan iki mukaddeslikde — Mekge şäherindäki keramatly Käbede hem-de Medine şäherindäki Muhammet pygamberiň metjidinde tagat-ybadatlaryny, haj parzlaryny berjaý etmekleri üçin watandaşlarymyzyň müňlerçesini Saud Arabystany Patyşalygyna zyýarata iberdik” diýip, döwlet Baştutany nygtaýar.

Şu ýyl türkmen halkynyň milli baýramy bolan Gurban baýramy 6-7-8-nji iýunynda bellenilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken kararyna laýyklykda, 8-nji iýunyndaky dynç güni 9-njy iýuna — duşenbe gününe geçirildi.

Başga makalalar
167d29c904a9d9.jpg
Türkmenistanda keramika önümlerini öndürýän iri zawod ulanyşa girizildi

12-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze desganyň — Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.


161d7e6c4b374f.jpeg
Awgust aýyndan OPEC-e Kuweýtiň wekili başlyklyk eder

OPEC-iň nobatdan daşary mejlisinde ministrler guramanyň täze baş sekretary wezipesine — 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap üç ýyl möhlete Kuweýtden Haýtam Al-Gaýsy (Haitham Al-Qais) saýladylar diýip, Interfaks habar berýär.


1651d0812a79d8.jpg
HNGU-nyň wekilleri Pekinde halkara foruma gatnaşdylar

Türkmenistanyň wekiliýeti 1-2-nji oktýabrda Pekinde Hytaýyň nebit uniwersitetiniň 70 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Uglerod bitaraplygyna ýetmegiň ugrunda: Bilim, tehnologiýalar, zehinler» atly halkara maslahatyna gatnaşdylar.


16392d7b3c4545.jpeg
Pakistan Türkmenistandan suwuklandyrylan gaz import etmegi meýilleşdirýär

Pakistanyň Hökümeti gyşyň düşmegi zerarly gaz ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolup, Owganystanyň üsti bilen gury ýerden Türkmenistandan suwuklandyrylan nebit gazyny import etmek boýunça meýilnama işläp taýýarlady.


166ed3c08622d6.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti YÖB-niň ýolbaşçysy bilen energetika, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy

19-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň (YÖB) ýolbaşçysy Muhammad Al Jasser bilen duşuşygynda saglygy goraýyş, energetika, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.