Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýa döwlet sapary uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň berk binýadyny goýdy

05:06 04.06.2025 2854

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/14187/original-1683e95b71d2c9.jpg

1-2-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet Baştutany hökmünde Mongoliýa ilkinji döwlet saparyny amala aşyrdy. 2-nji iýunda Ulan-Batorda iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlary Serdar Berdimuhamedowyň we Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda gepleşikler geçirildi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, döwlet Baştutanlarynyň arasynda çäkli düzümde hem-de giňişleýin düzümde geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň barşynda uzak möhletli geljegi hasaba almak bilen, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary anyklaşdyryldy. Duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Geçirilen gepleşikleriň netijesinde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň hukuk binýadyny pugtalandyrmaga, şeýle hem söwda, ykdysadyýet, maýa goýumlar, ýeňil senagat, saglygy goraýyş, bilim, ylym we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen 14 resminama gol çekildi.

Döwlet Baştutanlary söwda-ykdysady ulgamda, ulag we logistika, oba hojalygy hem-de daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmagyň ähmiýetini nygtap, Bilelikdäki Beýannama kabul etdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýokary derejeli gepleşikleriň netijeleri boýunça eden çykyşynda duşuşygyň dostlukly, ynanyşylan işjeň ýagdaýda geçendigini belledi. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli esasy ugurlary boýunça pikir alşyldy, halkara syýasatyň möhüm meseleleri boýunça hem pikir alyşmalar boldy.

Bellenilişi ýaly, ýurtlar bütin dünýäde we sebitde parahatçylygy, durnuklylygy gorap saklamakda we berkitmekde bilelikdäki işleri dowam ederler. Türkmenistan we Mongoliýa Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, şeýle hem ekologiýa we azyk gün tertibi, energetika howpsuzlygy, özara ulag baglanyşygy boýunça hyzmatdaşlyk ederler.

Mongoliýanyň Türkmenistanyň Bitaraplygyny, ählumumy howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarymyzy goldaýandygy, döwletara gatnaşyklarda ynanyşmak dialogyny ilerledýändigi üçin, jenap Prezidente minnetdarlyk bildirdim diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.

Gepleşikleriň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga ileri tutulýan orun berildi. Şunda Aziýadan Ýewropa çenli halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça bilelikdäki işlerde iki ýurduň tagallalaryny birleşdirmegiň geljeginiň uludygy bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» boýunça başlangyjynyň ähmiýetini belledi. Energetikada we kommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin şertleriň bardygy bellenildi.

Bellenilişi ýaly, gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.

Türkmenistan we Mongoliýa uzak geljegi göz öňünde tutup, gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegi we berkitmegi berk maksat edinýändigini tassykladylar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we mümkinçilikden peýdalanyp, Mongoliýanyň dostlukly halkyna parahatçylyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow saparyň çäklerinde Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynyň Başlygy Daşzegwiýn Amarbaýasgalan bilen duşuşdy.

Mongoliýa döwlet saparynyň çäklerinde şeýle hem Türkmen-mongol işewürler forumy geçirildi.

Başga makalalar
167d29c904a9d9.jpg
Türkmenistanda keramika önümlerini öndürýän iri zawod ulanyşa girizildi

12-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze desganyň — Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.


161d7e6c4b374f.jpeg
Awgust aýyndan OPEC-e Kuweýtiň wekili başlyklyk eder

OPEC-iň nobatdan daşary mejlisinde ministrler guramanyň täze baş sekretary wezipesine — 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap üç ýyl möhlete Kuweýtden Haýtam Al-Gaýsy (Haitham Al-Qais) saýladylar diýip, Interfaks habar berýär.


1651d0812a79d8.jpg
HNGU-nyň wekilleri Pekinde halkara foruma gatnaşdylar

Türkmenistanyň wekiliýeti 1-2-nji oktýabrda Pekinde Hytaýyň nebit uniwersitetiniň 70 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Uglerod bitaraplygyna ýetmegiň ugrunda: Bilim, tehnologiýalar, zehinler» atly halkara maslahatyna gatnaşdylar.


16392d7b3c4545.jpeg
Pakistan Türkmenistandan suwuklandyrylan gaz import etmegi meýilleşdirýär

Pakistanyň Hökümeti gyşyň düşmegi zerarly gaz ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolup, Owganystanyň üsti bilen gury ýerden Türkmenistandan suwuklandyrylan nebit gazyny import etmek boýunça meýilnama işläp taýýarlady.


166ed3c08622d6.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti YÖB-niň ýolbaşçysy bilen energetika, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy

19-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň (YÖB) ýolbaşçysy Muhammad Al Jasser bilen duşuşygynda saglygy goraýyş, energetika, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.