TDHÇMB-niň söwdalarynda BAE-den we Owganystandan işewürler suwuklandyrylan gaz satyn aldylar

16:15 02.06.2025 2649

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/14179/original-1683d7f9639d89.png

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy. 

Daşary ýurt  puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. 

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň telekeçilerine arassalanan nah matanyň galyndylary ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 1 million 367 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 88 million 437 müň manatdan gowrak bolan nebit ýol bitumyny, polipropileni we binýatlyk ýagy («Türkmennebit»  döwlet konserni), şeýle hem portlandsementi, nah ýüplügi we nah matany, dokma önümçiliginiň galyndylaryny satyn aldylar.

Başga makalalar
167d29c904a9d9.jpg
Türkmenistanda keramika önümlerini öndürýän iri zawod ulanyşa girizildi

12-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze desganyň — Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.


161d7e6c4b374f.jpeg
Awgust aýyndan OPEC-e Kuweýtiň wekili başlyklyk eder

OPEC-iň nobatdan daşary mejlisinde ministrler guramanyň täze baş sekretary wezipesine — 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap üç ýyl möhlete Kuweýtden Haýtam Al-Gaýsy (Haitham Al-Qais) saýladylar diýip, Interfaks habar berýär.


1651d0812a79d8.jpg
HNGU-nyň wekilleri Pekinde halkara foruma gatnaşdylar

Türkmenistanyň wekiliýeti 1-2-nji oktýabrda Pekinde Hytaýyň nebit uniwersitetiniň 70 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Uglerod bitaraplygyna ýetmegiň ugrunda: Bilim, tehnologiýalar, zehinler» atly halkara maslahatyna gatnaşdylar.


16392d7b3c4545.jpeg
Pakistan Türkmenistandan suwuklandyrylan gaz import etmegi meýilleşdirýär

Pakistanyň Hökümeti gyşyň düşmegi zerarly gaz ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolup, Owganystanyň üsti bilen gury ýerden Türkmenistandan suwuklandyrylan nebit gazyny import etmek boýunça meýilnama işläp taýýarlady.


166ed3c08622d6.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti YÖB-niň ýolbaşçysy bilen energetika, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy

19-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň (YÖB) ýolbaşçysy Muhammad Al Jasser bilen duşuşygynda saglygy goraýyş, energetika, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.