Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň Senatynyň Başlygyny kabul etdi

07:14 02.06.2025 2781

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/14167/original-1683d4e1c1ea3d.jpg

31-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň Başlygy Saýed Ýusuf Raza Gilanini kabul etdi diýip, TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany Pakistanyň Senatynyň Başlygynyň saparynyň netijeleriniň iki ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky köpýyllyk ikitaraplaýyn gatnaşyklar häzirki wagtda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, ulag, bilim we medeni-ynsanperwer ýaly ulgamlarda üstünlikli ösdürilýär.

Ýurtlarymyz birek-biregiň netijeli halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýarlar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini, bu wakanyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň şanly 30 ýyllygy bilen gabat gelýändigini we şu mynasybetli ýurdumyzda köp sanly çäreleriň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny belledi hem-de Saýed Ýusuf Raza Gilanini we Pakistanyň Senatynyň agzalaryny bu çärelere işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan iki ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Häzirki döwürde parlamentara hyzmatdaşlyk ýurtlaryň arasynda netijeli gatnaşyklary üpjün etmäge, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berýär.

Şunuň bilen birlikde, parlamentara dialog döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm düzüm bölegi bolup durýar. Ikitaraplaýyn esasda hereket edýän Parlamentara dostluk toparlary kanun çykaryjylyk işinde we parlament diplomatiýasyny ösdürmekde tejribe alyşmaga mümkinçilikleri döredýär.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ýurtlarymyzyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň iki doganlyk halkyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Başga makalalar
167d29c904a9d9.jpg
Türkmenistanda keramika önümlerini öndürýän iri zawod ulanyşa girizildi

12-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze desganyň — Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.


161d7e6c4b374f.jpeg
Awgust aýyndan OPEC-e Kuweýtiň wekili başlyklyk eder

OPEC-iň nobatdan daşary mejlisinde ministrler guramanyň täze baş sekretary wezipesine — 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap üç ýyl möhlete Kuweýtden Haýtam Al-Gaýsy (Haitham Al-Qais) saýladylar diýip, Interfaks habar berýär.


1651d0812a79d8.jpg
HNGU-nyň wekilleri Pekinde halkara foruma gatnaşdylar

Türkmenistanyň wekiliýeti 1-2-nji oktýabrda Pekinde Hytaýyň nebit uniwersitetiniň 70 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Uglerod bitaraplygyna ýetmegiň ugrunda: Bilim, tehnologiýalar, zehinler» atly halkara maslahatyna gatnaşdylar.


16392d7b3c4545.jpeg
Pakistan Türkmenistandan suwuklandyrylan gaz import etmegi meýilleşdirýär

Pakistanyň Hökümeti gyşyň düşmegi zerarly gaz ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolup, Owganystanyň üsti bilen gury ýerden Türkmenistandan suwuklandyrylan nebit gazyny import etmek boýunça meýilnama işläp taýýarlady.


166ed3c08622d6.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti YÖB-niň ýolbaşçysy bilen energetika, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy

19-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň (YÖB) ýolbaşçysy Muhammad Al Jasser bilen duşuşygynda saglygy goraýyş, energetika, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.