Eýranyň Prezidenti 12-nji dekabrda Aşgabatdaky halkara foruma gatnaşjakdygyny tassyklady
05:57 27.05.2025 4418
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşjakdygyny tassyklady. Bu barada 23-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisinde aýdyldy.
Mejlisde çykyş eden daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň wekiliýetiniň goňşy ýurda iş saparynyň çäklerinde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşygy barada aýtdy. Onda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Eýranyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň çakylygy boýunça Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşjakdygyny tassyklady.
Duşuşykda türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň strategik ugurlary boýunça alnyp barylýan bilelikdäki işi dowam etdirmegiň zerurdygy bellenildi. Goňşy döwletiň Baştutany eýran tarapynyň meýilleşdirilen çäreleri, taslamalary, bu ulgamlarda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge taýýardygyny aýtdy.
Türkmen wekiliýetiniň goňşy ýurda iş saparynyň çäklerinde Eýranyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Seýed Ali Hameneýi bilen duşuşyk geçirildi.
Wekiliýetiň saparynyň çäklerinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň eýran böleginiň başlygy, Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher ösüşi ministri hanym Farzaneh Sadeghi Malwajerd, energetika ministri Abbas Aliabadi, nebit ministri Mohsen Paknežad, daşary işler ministri Seýed Abbas Aragçi bilen duşuşyklar geçirildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Eýran Yslam Respublikasynyň ýurdumyzyň ýakyn hyzmatdaşlyk edýän goňşy döwletleriniň biri bolup durýandygyny belledi. Iki ýurduň arasynda gazanylýan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparyna möhüm orun degişlidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýer, daşary işler ministrine Eýran Yslam Respublikasy bilen döwletara gatnaşyklary ösdürmek, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 2000 dollardan geçdi
Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metri üçin 2000 dollardan geçdi.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine
Siziň ähliňizi ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilýän hünär baýramyňyz — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly bellenildi
Türkmenistanda 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 27 ýyllygy dabaraly bellenildi.
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň üstünlikleri
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ynamly ädimler bilen ösüşiň täze belentliklerine barýar. Muňa kärhananyň şu ýylda gazanýan üstünlikleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we GFR-iň Kansleri döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar
Sişenbe güni Gazagystanda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçýän «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.