Türkmenistan we Eýran türkmen mawy ýangyjyny hem-de energiýasyny ibermek meselelerini maslahatlaşdylar
06:24 25.05.2025 3347
Türkmenistan we Eýran türkmen mawy ýangyjyny Eýrana göni ibermegiň, bu döwletiň çäklerinden üçünji ýurtlara üstaşyr geçirmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar. Bu barada wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi.
TDH-nyň habar berşi ýaly, wise-premýer Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň 18-nji mejlisiniň netijeleri barada hasabat berdi. Gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, hususan-da, türkmen mawy ýangyjyny Eýrana göni ibermegiň, bu döwletiň çäklerinden üçünji ýurtlara üstaşyr geçirmegiň, şol sanda ony “swap” görnüşinde ugratmagyň mümkinçiliklerine garaldy.
Şeýle-de elektroenergetika pudagynda döwletara gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu babatda Mary — Maşat elektrik geçirijisiniň türkmen böleginiň taslamasyny amala aşyrmak bilen bagly çärelere seredildi. Şunuň bilen baglylykda, degişli meseleleriň birnäçesi, şol sanda türkmen elektrik energiýasyny mundan beýläk-de Eýrana ibermek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň barşynda ulag pudagyndaky hyzmatdaşlyk, uzynlygy 242 kilometre deň bolan Gumdag — Etrek — Eýran serhedi awtomobil ýolunyň taslamasy bilen bagly meselelere-de üns berildi. Şunuň bilen birlikde, iki ýurduň arasynda ulag gatnawlaryny we ýük dolanyşygyny artdyrmak bilen bagly meselelere garaldy. Olar boýunça degişli ylalaşyk gazanyldy.
Şeýle-de söwda we işewürlik ugurlarynda hyzmatdaşlygy ilerletmegiň meselelerine seredildi. Hususan-da, taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek, haryt dolanyşygynyň möçberini mundan beýläk-de artdyrmak maksady bilen, 2026 — 2028-nji ýyllar üçin iş meýilnamasyny taýýarlamak barada ylalaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, serhetýaka söwda zolaklaryny döretmek barada giňişleýin maslahatlaşmalar boldy.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň 18-nji mejlisiniň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Eýran Yslam Respublikasynyň ýurdumyzyň ýakyn hyzmatdaşlyk edýän goňşy döwletleriniň biri bolup durýandygyny belledi. Iki ýurduň arasynda gazanylýan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparyna möhüm orun degişlidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýer, daşary işler ministrine Eýran Yslam Respublikasy bilen döwletara gatnaşyklary ösdürmek, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 2000 dollardan geçdi
Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metri üçin 2000 dollardan geçdi.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine
Siziň ähliňizi ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilýän hünär baýramyňyz — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly bellenildi
Türkmenistanda 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 27 ýyllygy dabaraly bellenildi.
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň üstünlikleri
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ynamly ädimler bilen ösüşiň täze belentliklerine barýar. Muňa kärhananyň şu ýylda gazanýan üstünlikleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we GFR-iň Kansleri döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar
Sişenbe güni Gazagystanda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçýän «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.