Termez dialogynyň mejlisine gatnaşyjylar Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek meselelerini maslahatlaşdylar

05:56 23.05.2025 4006

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/14090/original-1682edd1648eda.jpg

19-21-nji maýda Özbegistanda Termez şäherinde Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky arabaglanyşyk boýunça Termez dialogynyň birinji mejlisi geçirildi. Mejlise 20 döwletden 200 töweregi wekil gatnaşdy.

“Parahatçylygyň, dostlugyň we abadançylygyň umumy giňişligini gurmak” ady bilen geçirilen mejlise Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow gatnaşdy diýip, türkmen daşary syýasat edarasy habar berýär.

Mejlisiň işine Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň  daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, seljeriş we ylmy-gözleg merkezleriniň bilermenleri, maliýe guramalarynyň, halkara we sebit guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Çärä gatnaşyjylar Merkezi we Günorta Aziýanyň arasynda sebitara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini, şol sanda howpsuzlygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ykdysady ösüşi üpjün etmäge hususy pudak bilen maliýe düzümleriniň goşandyny giňeltmek meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň wekiliýeti çykyşynyň dowamynda ulag-logistika, energetika, ykdysady we ynsanperwer ugurlarda Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça derwaýys meseleleri we başlangyçlary beýan etdi.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Munuň özi Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek ugrundaky işleriniň ykrar edilýändiginiň aýdyň beýany boldy.

Termez dialogynyň mejlisine gatnaşyjylar onda gazanylan ylalaşyklaryň sebitara arabaglanyşygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine we giň Ýewraziýa yklymynda parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň saklanmagyna goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler.

Başga makalalar
161c2dbcec21c6.jpeg
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 2000 dollardan geçdi

Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metri üçin 2000 dollardan geçdi.


16399511c55142.jpeg
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine

Siziň ähliňizi ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilýän hünär baýramyňyz — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


163980e7ea9db6.jpeg
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly bellenildi

Türkmenistanda 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 27 ýyllygy dabaraly bellenildi.


161c2dc7f5f71d.jpeg
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň üstünlikleri

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ynamly ädimler bilen ösüşiň täze belentliklerine barýar. Muňa kärhananyň şu ýylda gazanýan üstünlikleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.


166e9786c6bfdf.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti we GFR-iň Kansleri döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar

Sişenbe güni Gazagystanda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçýän «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.