Gahryman Arkadagymyz “KazanForum” halkara forumyna gatnaşar
18:03 16.05.2025 4119
Anna güni, 16-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary başlaýar, ol ýerde Gahryman Arkadagymyz "Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum" atly her ýyl geçirilýän XVI Halkara Ykdysady Forumyň işine gatnaşar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň habarynda aýdylýar.
“Türkmenistanyň bu foruma gatnaşmagyna ýurdumyz Russiýa Federasiýasy we Yslam dünýäsi bilen köpugurly gatnaşyklary saklamak, syýasy, ykdysady, söwda, medeniýet we gumanitar ugurlar boýunça uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek nukdaýnazaryndan seredýär” diýlip habarda aýdylýar.
“Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen hyzmatdaşlyk bu prosessiň möhüm tarapy bolup durýar. Olaryň arasynda Tatarystan Respublikasy güýçli gor-senagat mümkinçilikleri, şeýle-de iki doganlyk halklaryň arasyndaky taryhy arabaglanyşyk sebäpli aýratyn orun eýeleýär” diýlip, DIM belleýär.
Bellenilişi ýaly, ykdysadyýet, söwda we ulag pudaklarynda Tatarystanyň edara-kärhanalary we kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk netijeli ösýär. Oba hojalyk, azyk we gaýtadan işleýän senagatda geljekki ähmiýetli mümkinçilikler açylýar. Bilim, ylym, medeni we ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklar yzygiderli giňeldilýär.
“Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky köptaraply we netijeli gatnaşyklar Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky çuňlaşdyrylan strategiki hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhüm bölegi bolup çykyş edýär” diýlip, DIM-niň habarynda bellenilýär.
Bellenilişi ýaly, forumyň çäklerinde her ýyl geçirilýän “Russiýa Halal Expo 2025” halal senagatynyň halkara sergisi geçirilýär. Hemişe bolşy ýaly, şu ýyl hem bu sergide Türkmenistanyň milli ekspozisiýasy köp görnüşliligi, bollugy bilen tapawutlanýar hem-de gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň gyzyklanmasyny döredýär.
“Soňky ýyllarda türkmen önümleriniň Russiýa eksportynyň durnukly ösüşi gazanylýar. Türkmen ekspozisiýasynyň Kazandaky üstünligi hyzmatdaşlygy giňeltmek we beýleki ýurtlar bilen hem işewürlik we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin mümkinçilikler açýar” diýlip, bellenilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Kazana sapary, geçiriljek duşuşyklar we gepleşikler türkmen-rus döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we çuňlaşdyrmak prosessinde möhüm waka bolar, şeýle hem ýurdumyzyň Yslam dünýäsiniň döwletleri bilen gatnaşyklaryny ep-esli pugtalandyrar, birek-birege hormatly, konstruktiw we özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin täze şertleri döreder.
Türkmenistanda keramika önümlerini öndürýän iri zawod ulanyşa girizildi
12-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze desganyň — Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
Awgust aýyndan OPEC-e Kuweýtiň wekili başlyklyk eder
OPEC-iň nobatdan daşary mejlisinde ministrler guramanyň täze baş sekretary wezipesine — 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap üç ýyl möhlete Kuweýtden Haýtam Al-Gaýsy (Haitham Al-Qais) saýladylar diýip, Interfaks habar berýär.
HNGU-nyň wekilleri Pekinde halkara foruma gatnaşdylar
Türkmenistanyň wekiliýeti 1-2-nji oktýabrda Pekinde Hytaýyň nebit uniwersitetiniň 70 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Uglerod bitaraplygyna ýetmegiň ugrunda: Bilim, tehnologiýalar, zehinler» atly halkara maslahatyna gatnaşdylar.
Pakistan Türkmenistandan suwuklandyrylan gaz import etmegi meýilleşdirýär
Pakistanyň Hökümeti gyşyň düşmegi zerarly gaz ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolup, Owganystanyň üsti bilen gury ýerden Türkmenistandan suwuklandyrylan nebit gazyny import etmek boýunça meýilnama işläp taýýarlady.
Türkmenistanyň Prezidenti YÖB-niň ýolbaşçysy bilen energetika, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy
19-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň (YÖB) ýolbaşçysy Muhammad Al Jasser bilen duşuşygynda saglygy goraýyş, energetika, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.