Türkmenistan amala aşyrýan iri taslamalarynda ekologiýa syýasatyny ileri tutýar

14:41 13.05.2025 6320

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/14008/original-168235a3471d78.jpg

«Ýaşyl energiýa — ýagty geljek» atly bäsleşige

Soňky ýyllarda tükeniksiz çeşmelerden alynýan «ýaşyl» energiýa (gaýtadan dikeldilýän energiýa) bolan gyzyklanma bütin dünýäde, şol sanda biziň Garaşsyz ýurdumyzda barha ýokarlanýar. Bu energiýanyň ulanylyşyny tygşytlamak, ekologik abadançylygy gazanmak bilen, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, energiýanyň arzan, ýagny ykdysady çykdajysy az görnüşlerini peýdalanmak bilen baglydyr. Onuň ygtybarlylygyna daşky gurşawda yzygiderli bolup geçýän proseslerden alynýanlygy esas bolup durýar. Daşky gurşawyň prosesleri, hadysalary bolsa tükeniksizdir. Diýmek, jemgyýetiň howpsuz we amatly energiýa çeşmeleri bilen elýeterli üpjün edilmegine şert döreýär.

«Ýaşyl» energiýa tebigy ýol bilen doldurylýan Gün şöhlesi, ýel, ýagyş, tolkunlar we geotermik ýylylyk ýaly tebigy resurslardan alynýar. Şunda Gün, ýel energetikasynyň ähmiýeti has-da uludyr. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatyna laýyklykda şu ugra degişli taslamalaryň yzygider durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda gazylyp alynýan ýangyjy tygşytlamaga we elektrik energiýasynyň önümçiligini ýokarlandyrmaga, onuň eksportyny artdyrmaga, daşky gurşawa täsir edýän zyňyndylary azaltmaga mümkinçilik berýär, sebäbi energiýanyň alternatiw çeşmeleri özleşdirilende we ulanylanda daşky gurşawa zyňyndylar az bolýar. Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň arasynda iň kuwwatlysynyň Gün energiýasynyň paýyna düşýändigini bellemek gerek. Berkarar Türkmenistanda Gün energetikasyny ösdürmek üçin amatly şertler doly ýeterlik, ýagny ýylyň dowamynda 300-den gowrak güneşli gün bolup, gije-gündiziň ýagty wagty 12 — 14 sagada barabardyr. Gün energiýasynyň möhüm mümkinçilikleri gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini işjeň ulanmak arkaly parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmagy we Pariž Ylalaşygynyň maksatlaryna ýetmegi göz öňünde tutýar. Gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Milli strategiýasy we «Howanyň üýtgemegi boýunça hereketleriň 2025-nji ýyl üçin ýaşlaryň Ýol kartasy» bu çemeleşmeler üçin esas bolup hyzmat edýär. Bu resminamalarda Türkmenistanyň energiýa pudagynyň geljegi we durnukly ösüşe ygrarlylygy öz beýanyny tapýar.

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň martynda «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny güýje girdi. Oňa laýyklykda, elektrik önümçiliginiň innowasion, hususan-da, energiýanyň Gün we ýel ýaly gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmak arkaly elektrik energiýasyny öndürmek boýunça innowasion taslamalar işlenip taýýarlanylýar. 2022-nji ýylyň iýul aýynda Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda kuwwaty 10 megawat bolan ilkinji köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň gurluşygyna başlandy. Bu bolsa «ýaşyl» energetikanyň mümkinçiliklerini ulanmak boýunça taslamalaryň uly geljeginiň bardygyna şaýatlyk edýär. Bu taslamalar milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň kuwwatyny artdyrmakda we düzümlerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmakda uly ähmiýete eýe bolar.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda gurulýan energetika desgasynyň — gaz we bug dolanyşygynda işlejek elektrik stansiýasynyň gurluşygy pudagy ösdürmek üçin ýurdumyzda maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny görkezip, ekologiýa abadançylygy bilen bagly wezipeleriň oňyn çözgüdini tapýandygyna şaýatlyk edýär. Taslama laýyklykda, täze elektrik stansiýasynda 4 sany gaz hem-de 2 sany bug turbinalary hereket eder. Olaryň jemi öndürijilik kuwwaty 1574 megawata deňdir. Utgaşykly işleýän gaz-bug aýlanyşygy ýokary peýdaly iş koeffisiýenti bilen tapawutlanýan elektrik energiýasynyň önümçiliginiň täze görnüşidir. Onuň binýatlaýyn esasy gaz turbinasynda ýakylýan ýangyjyň täsirinde ýokary temperaturada döreýän galyndyny bug turbinasynda netijeli ulanmagyň hasabyna goşmaça elektrik energiýasyny öndürmekde jemlenýär. Bu döwrebap tehnologiýanyň ornaşdyrylmagy ýurdumyzda galyndysyz önümçiligi ösdürmek nukdaýnazaryndan örän möhümdir. Desga elektrik energiýasy öndürilende sarp edilýän tebigy gazy tygşytlamaga mümkinçilik berýär.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň (TNGIZT) önümçiligi döwrebap ýokary hilli tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen, ekologiýa nukdaýnazaryndan döwrüň talabyna laýyk gelýär. Zawodlar toplumynda umumy taslama kuwwaty 70 megawat sagada deň elektrik energiýasyny öndürýän iki sany täze gaz turbina desgasynyň işe girizilmegi onuň anyk mysalydyr. TNGIZT-niň çäginde üstünlikli durmuşa geçirilen energetika taslamasyna halkara şahadatnamalar gowşuryldy. Gaz we bug dolanyşygynda işleýän elektrik stansiýalarynyň ekologik taýdan hem bähbitlidigi bellärliklidir. Energetika pudagynda sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirmek bilen, Türkmenistan ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselelerine jogapkärçilikli, ylmy esasda çemeleşýändigini görkezýär. Hut şonuň üçin-de, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuş-ykdysady özgertmeler maksatnamalarynda degişli ugurdaky talaplara doly laýyk gelýän serişde tygşytlaýjy, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary we ýokary netijeli enjamlary işjeň ornaşdyrmak baş wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenendir.

«Ýaşyl» ykdysadyýeti işjeňleşdirmekde, daşky gurşaw bilen bagly wezipeleri döwlet syýasatynda hemişe ileri tutmakda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy uludyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri daşary ýurtlarda saparda bolanynda ekologiýa meselesini öňe sürüp, başlangyçlar, teklipler bilen çykyş edýär hem-de bu ugurda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaklygy öňe sürýär. Gahryman Arkadagymyz geçen hepdede Fransiýa Respublikasyna bolan resmi saparynyň çäklerinde Türkmen-fransuz ykdysady forumyndaky çykyşynda: «Türkmenistan şäherleri ösdürmek, metan zyňyndylaryna monitoring, geologiýa gözleg-barlag işleri, nebitgaz enjamlary bilen üpjün etmek, «ýaşyl» we wodorod energetikasy ulgamlarynda öňdebaryjy fransuz tejribesini çekmäge gyzyklanma bildirýär. Bu soraglar Energetika babatda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-fransuz iş toparynyň gün tertibine goşulyp bilner. Iş toparynyň nobatdaky mejlisini şu ýyl geçirmegi teklip edýäris. Şeýle hem 2024-nji ýylda Parižde guralan energetika forumy ýaly halkara çäreleri geçirmegiň tejribesini dowam etdirmegi maksadalaýyk hasaplaýarys» diýip belledi. Munuň özi ýurdumyzyň iri taslamalar amala aşyrylanda, ekologiýanyň talaplaryny berjaý etmäge ygrarlydygyny tassyklaýar.

Mämmet MÄMMEDOW

Başga makalalar
164e8574a131f2.png
Yragyň wekiliýeti «Türkmengaz» DK bilen türkmen tebigy gazyny satyn almagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylygy bilen Türkmenistana sapar bilen gelen Yrak Respublikasynyň arasynda gepleşikler geçirildi. Yragyň wekiliýetine Energetika ministriniň orunbasary Adil Karim Kak Ahmed we nebit ministriniň orunbasary Ezat Sabir Esmail ýolbaşçylyk etdi.


164ec3fdd19f66.jpg
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda ýedi aýda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy

27-nji awgustda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň geçen ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 25-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda işleri has-da ilerletmegiň anyk ýollary kesgitlenildi.


164e880be73b68.jpg
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Palestinanyň daşary işler ministri özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

Penşenbe güni türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Malikiniň arasynda geçirilen duşuşykda özara bähbitli türkmen-palestina ykdysady gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleriň barlygy maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.


164ec348cdc0d3.jpg
Ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2% boldy

2023-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2% boldy. Bu barada maglumat geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde aýdyldy.


164e6fdae84031.jpg
Türkmenistanyň we Malaýziýanyň DIM-niň wekilleri söwda, energetika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar

Çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmen-Malaýziýa DIM-leriniň arasynda onlaýn görnüşde geňeşmeler geçirildi. Geňeşleriň dowamynda iki ýurduň diplomatlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika we ynsanperwer ugurlarda köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.