Aşgabatda nebitgaz pudagynyň ekologiýa jähtleri boýunça TESC 2025 halkara maslahaty geçiriler

18:30 12.05.2025 5502

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/13994/original-168219b48072ac.jpg

5-nji iýunda Aşgabatda «Uglewodorod känleriniň işlenip taýýarlanylmagynda innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň ekologiýa ähmiýeti» mowzugy boýunça TESC 2025 atly ylmy-amaly maslahat geçiriler.

«Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri hem-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy bilen bilelikde, şeýle hem «Turkmen Energiýa Forum» HJ tarapyndan guralýan bu möhüm çäräniň dowamynda dünýäniň öňdebaryjy bilermenleriniň, syýasatçylarynyň, alymlarynyň, maýadarlarynyň we energetika kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda tehnologiýa we howa şertleriniň özgerýän döwründe pudagyň durnukly ösüşi boýunça pikir alyşmalar bolar.

Utgaşykly görnüşde - göni we onlaýn görnüşinde geçiriljek maslahatda häzirki zaman energetikasynyň möhüm ugurlary: ekologiýa taýdan jogapkärçilikli işläp taýýarlamak, sanly tehnologiýalar we adam serişdeleriniň ösüşi ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

«Energetiki geljek, täze tehnologiýalar we uglewodorod serişdeleriniň işlenip taýýarlanylmagyndaky ekologiýa aýratynlyklary» atly mowzuk bilen esasy umumy mejlis geçiriler. Ol ýerde Türkmenistanyň energetika ulgamynyň ösüş strategiýasy, howanyň üýtgemegi babatda döwlet syýasaty we maýa goýum ugurlary seljeriler.

Tematiki sessiýalaryň hatarynda - «Uglewodorod çykarylyşynyň geljegi: emeli aňyň orny», bu ýerde emeli aň tehnologiýalarynyň gözleg we kän dolandyryş netijeliligini ýokarlandyrmaga nähili kömek edýändigi görkeziler.

«Uglewodorod çykarylyşynda metan we CO₂ gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak: Derwezäniň gaz kraterine aýratyn üns» sessiýasy, bu ýerde zyňyndylaryň öňüni alyş tehnologiýalary we Derwezäniň öwrenilişiniň Ählumumy Metan Borçnamasy we milli ekologiýa maksatnamalary bilen baglanyşygy ara alnyp maslahatlaşylar.

«Ekologiýa taýdan jogapkärçilikli we durnukly uglewodorod çykarylyşynyň üpjünçiliginde adam maýasynyň orny» atly mejlis bolsa, hünärmenleriň taýýarlanylyşy, bilim we halkara tejribe alyşmalarynyň ähmiýeti baradaky meseleleri gozgar.

«Turkmen Energy Forum» guramasynyň habar bermegine görä, bu çärä dünýäniň 30-dan gowrak ýurdunyň wekilleri — 300-den gowrak wekil gatnaşar. Olaryň hatarynda SPE, CNPC, Dragon Oil, PETRONAS ýaly möhüm energetika kompaniýalary we BMG ýaly halkara guramalar bar.

Forum «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň binýadynda geçiriler. Forumda umumy mejlisler, panel diskussiýalar, çykyşlar we ikitaraplaýyn duşuşyklar guralar. TESC 2025 maslahaty Türkmenistanyň energetika pudagynyň durnukly ösüşiniň ugurlaryny kesgitleýän, halkara hyzmatdaşlyga açyklygyny görkezýän esasy bilim we tehnologiýa alyşma meýdançasy hökmünde çykyş eder.

Maslahat barada giňişleýin maglumat bilen aşakdaky web sahypada tanşyp bolýar: https://tesc-turkmenistan.com

Başga makalalar
161c2dbcec21c6.jpeg
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 2000 dollardan geçdi

Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metri üçin 2000 dollardan geçdi.


16399511c55142.jpeg
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine

Siziň ähliňizi ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilýän hünär baýramyňyz — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


163980e7ea9db6.jpeg
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly bellenildi

Türkmenistanda 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 27 ýyllygy dabaraly bellenildi.


161c2dc7f5f71d.jpeg
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň üstünlikleri

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ynamly ädimler bilen ösüşiň täze belentliklerine barýar. Muňa kärhananyň şu ýylda gazanýan üstünlikleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.


166e9786c6bfdf.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti we GFR-iň Kansleri döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar

Sişenbe güni Gazagystanda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçýän «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.