Türkmenistanyň Prezidenti: ýanwar-aprel aýlarynda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim derejede durnukly saklanýar
04:42 12.05.2025 4044
Ýanwar-aprel aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim derejede durnukly saklanýar. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow 8-nji maýda sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisinde aýtdy. Onda şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi diýip, TDH habar berýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul eden maksatnamalarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini aýtdy. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim derejede durnukly saklanýar.
Ýurdumyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki binalaryň we desgalaryň gurulmagy dowam edýär.
Döwlet Baştutany ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmegi dowam etdirmegiň, bu işleriň ýerine ýetirilişini hemişe gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny nygtady.
Mejlisiň barşynda çykyş eden wise-premýer H.Geldimyradow şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 0,6 göterime, gurluşykda 4,4 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 11,1 göterime, söwdada 9,9 göterime, oba hojalygynda 4 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,8 göterime deň boldy.
2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 9,7 göterim artdy. Ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy. Şu ýylyň dört aýynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 12,4 göterim, daşary söwda dolanyşygy 2,2 göterim ýokarlandy.
Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 101,5 göterim, çykdajy bölegi 97,6 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2024-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 11,5 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.
Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 11,4 göterim ýokarlandy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek, önümçiligi artdyrmak we jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak üçin zerur çäreleri görmegiň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 2000 dollardan geçdi
Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metri üçin 2000 dollardan geçdi.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine
Siziň ähliňizi ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilýän hünär baýramyňyz — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly bellenildi
Türkmenistanda 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 27 ýyllygy dabaraly bellenildi.
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň üstünlikleri
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ynamly ädimler bilen ösüşiň täze belentliklerine barýar. Muňa kärhananyň şu ýylda gazanýan üstünlikleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we GFR-iň Kansleri döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar
Sişenbe güni Gazagystanda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçýän «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.