Hökümet mejlisinde 2025-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda nebitgaz toplumynda işleriň jemlerine garaldy

06:59 09.05.2025 3512

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/13973/original-1681d987a4d219.jpg

8-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi diýip, TDH habar berýär.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebiti çykarmagyň meýilnamasy 107,9 göterim ýerine ýetirildi. Bellenilişi ýaly, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 105,9 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 102,3 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 100,8 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 110,4 göterim berjaý edildi. Suwuklandyrylan gazy öndürmekde 111,7 göterim ösüş depgini üpjün edildi. 

Hasabat döwründe tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 103,5 göterim ýerine ýetirildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitiň we tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça degişli işleri alyp barmagyň, önümçilik desgalaryny doly kuwwatyna çykaryp, bökdençsiz işledilmegini üpjün etmegiň wajypdygyny belledi.

Şeýle hem buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyryp, guýulary işe girizmegi dowam etdirmek, bu ugurda ylmyň soňky gazananlaryny, öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutany aýtdy we wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Başga makalalar
161c2dbcec21c6.jpeg
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 2000 dollardan geçdi

Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metri üçin 2000 dollardan geçdi.


16399511c55142.jpeg
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine

Siziň ähliňizi ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilýän hünär baýramyňyz — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


163980e7ea9db6.jpeg
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly bellenildi

Türkmenistanda 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 27 ýyllygy dabaraly bellenildi.


161c2dc7f5f71d.jpeg
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň üstünlikleri

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ynamly ädimler bilen ösüşiň täze belentliklerine barýar. Muňa kärhananyň şu ýylda gazanýan üstünlikleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.


166e9786c6bfdf.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti we GFR-iň Kansleri döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar

Sişenbe güni Gazagystanda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçýän «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.