Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Ýeňiş güni bilen gutlady
06:58 09.05.2025 3526
Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny, uruş weteranlaryny 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň şanly 80 ýyllygy mynasybetli gutlady.
"Bu gün hatyra dessurlarymyza eýerip, dünýäde parahatçylygyň we abadançylygyň berkarar bolmagy ugrunda gurban bolan merdana esgerlerimiziň hormatyna bina edilen ýadygärliklerimize ter gül desselerini goýýarys. Ýalynly uruş ýyllarynda mertligiň, gaýduwsyzlygyň belent nusgasyny görkezen gahrymanlarymyzy, arzyly Ýeňşi gazanmaga ägirt uly goşant goşan zähmetkeş watandaşlarymyzy uly hormat bilen ýatlaýarys" diýip, döwlet Baştutany gutlagynda belleýär.
Türkmenistanyň Prezidenti 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň şanly 80 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlarymyza baýramçylyk sowgatlarynyň gowşurylýandygyny belledi.
"1941 — 1945-nji ýyllar adamzat taryhyna iň gazaply döwür bolup girdi. 1418 güne çeken bu uruş öwezini dolup bolmajak ýitgilere getirdi, ýüreklere öçmejek ýaralary saldy, halklaryň parahatçylygyny we dostlugyny, unudylmajak gahrymançylygyny, gaýduwsyzlygyny dabaralandyrdy. Urşuň ilkinji günlerinde türkmenistanly ýigitleriň müňlerçesi meýletinlik bilen fronta gidip, aldym-berdimli söweşlerde watansöýüjiligiň we edermenligiň belent nusgasyny görkezdi. Ýanbermez edermenligi hem-de gaýduwsyzlygy üçin watandaşlarymyzyň ýüzlerçesi «Gahryman» diýen belent ada mynasyp boldy, müňlerçe esgerlerimiz orden-medallar bilen sylaglandy. Bu ýowuz döwürde Türkmenistanyň ähli ilaty — zenanlar, gojalar we çagalar «Ähli zat front üçin, ähli zat Ýeňiş üçin!» diýen ählihalk şygaryna eýerip, ýagty geljege, parahatçylyga we ynsanperwerlige synmaz umyt bilen, gijesini gündiz edip yhlasly zähmet çekdiler. Bol bugdaý hem-de pagta ýygnalyp, Beýik Ýeňşiň gazanylmagyna uly goşant goşuldy. Bütin durky bilen adamzat mukaddesliklerine ygrarly türkmen zenanlary Goranmak gaznasyna gymmatly şaý-seplerini, ýyly egin-eşikleri tabşyryp, şeýle hem «Türkmeniň kalby» atly ägirt uly halyny dokap, watançylygyň, ynsanperwerligiň belent nusgasyny görkezdiler" diýip, Serdar Berdimuhamedow belleýär.
"Parahat durmuş ugrunda görkezilen gahrymançylyklar, gazaply uruş ýyllarynyň güzaplary, jebir-jepalary, adamzada ýetiren zyýany, şöhratly taryhymyza altyn harplar bilen ýazylan wakalar hiç haçan unudylmaz! Gahrymanlarymyzyň ýagty ýadygärliginiň ebedileşdirilmegi, olaryň gaýduwsyzlygynyň kino we sahna sungatynda janlandyrylmagy, edebi eserleriň, aýdym-sazlaryň döredilmegi, «Hatyra» we «Şöhrat» kitaplarynyň neşir edilmegi munuň aýdyň güwäsidir. Gaýduwsyzlygyň, edermenligiň belent nusgasyny görkezen gahrymanlarymyzyň hatyrasy hemişe belentdir. Merdana pederlerimiziň gahrymançylyga beslenen durmuş ýollary watansöýüjiligiň beýik nusgalyk mekdebidir" diýip, gutlagda aýdylýar.
Döwlet Baştutany Türkmenistanyň dünýäde dostlukly gatnaşyklary ösdürmek ugrunda çykyş edip, döwrüň möhüm meseleleriniň göwnejaý çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşmagynyň has-da buýsandyrýandygyny nygtaýar. Garaşsyz Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, parahat durmuşa, dostluga we hoşniýetlilige bolan buýsanjymyzyň nyşany hökmünde 2025-nji ýyl dünýä bileleşigi tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi.
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 2000 dollardan geçdi
Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metri üçin 2000 dollardan geçdi.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine
Siziň ähliňizi ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilýän hünär baýramyňyz — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly bellenildi
Türkmenistanda 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 27 ýyllygy dabaraly bellenildi.
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň üstünlikleri
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ynamly ädimler bilen ösüşiň täze belentliklerine barýar. Muňa kärhananyň şu ýylda gazanýan üstünlikleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we GFR-iň Kansleri döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar
Sişenbe güni Gazagystanda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçýän «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.