Ilham Aliýew Gurbanguly Berdimuhamedowy sapar bilen Azerbaýjana gelmäge çagyrdy
12:16 08.05.2025 2855
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy sapar bilen Azerbaýjana gelmäge çagyrdy. Bu barada Azerbaýjanyň Lideriniň Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna iberen hatynda aýdylýar. Hat metbugatda çap edildi.
“Azerbaýjan bilen Türkmenistany gadymdan gelýän dost-doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Biz bu binýat esasynda ýola goýlan döwletara gatnaşyklarymyzyň we strategik hyzmatdaşlygymyzyň ösdürilmegine goşýan uly şahsy goşandyňyza ýokary baha berýäris. Siziň öňdengörüjilikli we oýlanyşykly syýasatyňyz netijesinde doganlyk Türkmenistanyň ösüşi hem-de halkara abraýynyň barha artmagy guwandyryjydyr” diýlip hatda bellenilýär.
“Siziň bilen bolan duşuşyklarymyzy, söhbetdeşliklerimizi hemişe ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Ynanyşykly dialogymyzy dowam etdirmek, şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşmak maksady bilen, Sizi sapar bilen Azerbaýjana gelmäge çagyrýaryn” diýip, Aliýew belleýär.
Azerbaýjanyň Prezidenti bu saparyň ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, hyzmatdaşlygymyzy pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynanýandygyny nygtaýar.
“Iň ýakyn wagtda görüşmek umydy bilen, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, işleriňizde üstünlik, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin” diýip, hatda bellenilýär.
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 2000 dollardan geçdi
Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metri üçin 2000 dollardan geçdi.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine
Siziň ähliňizi ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilýän hünär baýramyňyz — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly bellenildi
Türkmenistanda 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 27 ýyllygy dabaraly bellenildi.
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň üstünlikleri
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ynamly ädimler bilen ösüşiň täze belentliklerine barýar. Muňa kärhananyň şu ýylda gazanýan üstünlikleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we GFR-iň Kansleri döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar
Sişenbe güni Gazagystanda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçýän «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.