Hazar deňzi meseleleri boýunça iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
12:17 08.05.2025 4219
5-7 maýda Moskwada Hazar deňzi meseleleri boýunça ýokary derejeli iş toparynyň onunjy mejlisi geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Mejlise Türkmenistanyň (wekiliýetiň başlygy – M.G.Atajanow), Azerbaýjan Respublikasynyň (wekiliýetiň başlygy – S.A.Şarifow), Eýran Yslam Respublikasynyň (wekiliýetiň başlygy – A.Jahangiri), Gazagystan Respublikasynyň (wekiliýetiň başlygy – Z.A.Amanjolowa) hem-de Russiýa Federasiýasynyň (wekiliýetiň başlygy – M.I.Petrakow) wekiliýetleri gatnaşdylar. Mejlise Russiýa Federasiýasynyň wekiliýetiniň başlygy M.I.Petrakow ýolbaşçylyk etdi.
Mejlisiň dowamynda Hazar deňzinde asyl göni çyzyklary goýmagyň usullary ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň çäklerinde taraplar Hazar deňzindäki hyzmatdaşlyga syn berdiler hem-de Daşary işler ministrleriniň nobatdaky duşuşygyna taýýarlyk meselelerine seredip geçdiler.
Wekiliýet agzalary gepleşikleriň netijelerine oňyn baha berdiler we mejlisi ýokary derejede gurandygy üçin Russiýa Federasiýasyna minnetdarlyk bildirdiler.
Hazar deňzi meseleleri boýunça ýokary derejeli Iş toparynyň indiki mejlisi Türkmenistanda diplomatik ýollar arkaly ylalaşylan senelerde geçiriler.
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 2000 dollardan geçdi
Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metri üçin 2000 dollardan geçdi.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine
Siziň ähliňizi ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilýän hünär baýramyňyz — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly bellenildi
Türkmenistanda 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 27 ýyllygy dabaraly bellenildi.
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň üstünlikleri
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ynamly ädimler bilen ösüşiň täze belentliklerine barýar. Muňa kärhananyň şu ýylda gazanýan üstünlikleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we GFR-iň Kansleri döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar
Sişenbe güni Gazagystanda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçýän «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.