Türkmenistan fransuz işewürleri üçin amatly maýa goýum şertlerini hödürlemäge taýýar – Gurbanguly Berdimuhamedow

19:55 07.05.2025 3435

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/13955/original-1681b1992af0db.jpg

Türkmenistan fransuz işewürlerine maýa goýumlar we özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek üçin amatly şertleri hödürlemäge taýýar. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Parižde “InterContinental Paris — Le Grand” myhmanhanasynda geçirilen Türkmen-fransuz ykdysady forumynda eden çykyşynda aýtdy.

“Bilelikdäki işleriň dowamynda toplanan tejribe hem-de onuň netijeleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegine ynamly garamaga mümkinçilik berýär. Türkmenistan fransuz işewürlerine maýa goýumlary goýmak, özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek üçin ähli amatly şertleri döretmegi teklip etmäge taýýardyr” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. Çykyş dolulygyna metbugatda çap edildi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz bäş ugur boýunça hyzmatdaşlyk meselesine ünsi çekdi.

“Birinjiden, fransuz önümlerini we hyzmatlaryny Türkmenistanyň bazarynda mundan beýläk-de öňe sürmäge taýýardyrys. Aýratyn-da, olary nebitgaz pudagy, hemra-aragatnaşyk tehnologiýalary, ulag, kadastr, suw serişdeleri, himiýa senagaty, derman serişdeleri we beýleki ugurlarda öňe sürmäge taýýardyrys.

Ikinjiden, Türkmenistan şäherleri ösdürmek, metan zyňyndylaryna monitoring, geologiýa gözleg-barlag işleri, nebitgaz enjamlary bilen üpjün etmek, «ýaşyl» we wodorod energetikasy ulgamlarynda öňdebaryjy fransuz tejribesini çekmäge gyzyklanma bildirýär.

Bu soraglar Energetika babatda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-fransuz iş toparynyň gün tertibine goşulyp bilner. Iş toparynyň nobatdaky mejlisini şu ýyl geçirmegi teklip edýäris.

Şeýle hem 2024-nji ýylda Parižde guralan energetika forumy ýaly halkara çäreleri geçirmegiň tejribesini dowam etdirmegi maksadalaýyk hasaplaýarys diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi.

Nygtalyşy ýaly, üçünjiden, kiçi we orta fransuz kärhanalaryny biziň ýurdumyzda işewürligi alyp barmaga çekmek mümkinçiligini öwrenmek zerur bolup durýar.

Dördünjiden, Fransiýanyň syýahatçylyk pudagynda dünýäde öňdebaryjy orunlary eýeleýändigini we Türkmenistanyň uly syýahatçylyk mümkinçilikleriniň bardygyny göz öňünde tutup, bu geljegi uly ugurda hyzmatdaşlygy ýola goýmalydyrys.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň bäşinji ugur hökmünde ýokarda bellenenleriň ählisi boýunça milli hünärmenleri taýýarlamakda işjeň hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändigine ünsi çekdi.

Biz ýokarda beýan edilen we beýleki teklipleri iş ýüzünde ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyrys. Türkmenistanyň işewürleriniň hem şu günki duşuşyga gatnaşmagy munuň aýdyň mysalydyr diýip, Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady hem-de ykdysady hyzmatdaşlygyň strategiýasyny ulgamlaýyn meýilnamalaşdyrmak üçin ähli şertleriň bardygyna ynam bildirdi.

Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda iri we öňdebaryjy daşary ýurt işewürleri, şol sanda Fransiýanyň kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda “Cifal”, “Buig”, “Vinci”, “Schneider Electric” kompaniýalaryny we beýleki işewürlik düzümlerini görkezmek bolar. Olar ýurdumyzda amala aşyrylýan iri maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.

Nebitgaz, gazhimiýa pudagyny, oba hojalygyny, gurluşyk ulgamyny ösdürmek babatda iki sany döwlet maksatnamasy — ýurdumyzy 2030-njy ýyla çenli döwür üçin senagatlaşdyrmak hem-de Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2052-nji ýyla çenli Milli maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi.

Başga makalalar
161c2dbcec21c6.jpeg
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 2000 dollardan geçdi

Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metri üçin 2000 dollardan geçdi.


16399511c55142.jpeg
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine

Siziň ähliňizi ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilýän hünär baýramyňyz — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


163980e7ea9db6.jpeg
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly bellenildi

Türkmenistanda 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 27 ýyllygy dabaraly bellenildi.


161c2dc7f5f71d.jpeg
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň üstünlikleri

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ynamly ädimler bilen ösüşiň täze belentliklerine barýar. Muňa kärhananyň şu ýylda gazanýan üstünlikleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.


166e9786c6bfdf.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti we GFR-iň Kansleri döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar

Sişenbe güni Gazagystanda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçýän «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.