Möhüm meselelere garaldy

04:25 06.05.2025 2224

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/13939/original-16818e1f3305c4.jpg

29-njy aprelde «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda nebitgaz serişdelerini öndürmegi artdyrmagyň meselelerine bagyşlanyp, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda nebitgaz pudagyny ösdürmegiň wajyp meseleleri» atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi.

Maslahatda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň alymlarydyr hünärmenleriniň hem-de Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň mugallymlarynyň çykyşlary diňlenildi.

Maslahatyň barşynda Gögerendag — Ekerem göterilmeler zolagynyň miosen çökündileriniň öwrenilişi, nebit çykarylyşyny artdyrmagyň ýollary, nebit çykarylýan guýulary ulanmagyň amatly usullary, guýularyň düýpýaka zolagyna täsir etmegiň kämilleşdirilen ugurlary, harytlyk nebitleri taýýarlamakda himiki reagentleriň saýlanylyşy, buraw erginlerini taýýarlamak üçin hödürlenilýän täze ingibirleýji goşundylar we gatlak suwlarynyň guýa bolan akymyny çäklendirmegiň kämilleşdirilen tehnologiýalary dogrusynda çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Çykyşlarda nebitiň we gazyň çykarylyşyny durnukly ýagdaýda saklamaga gönükdirilen teklipler hödürlenildi.

Maslahatyň barşynda myhmanlar bilen alymlaryň we ylym işgärleriniň arasynda özara tejribe we pikir alşyldy. Çykyşlarda hödürlenilýän teklipleriň nebitgaz pudagyny ösdürmek üçin ähmiýetiniň uludygy maslahata gatnaşyjylar tarapyndan bellenip geçildi.

Başga makalalar
161c2dbcec21c6.jpeg
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 2000 dollardan geçdi

Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metri üçin 2000 dollardan geçdi.


16399511c55142.jpeg
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine

Siziň ähliňizi ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilýän hünär baýramyňyz — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


163980e7ea9db6.jpeg
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly bellenildi

Türkmenistanda 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 27 ýyllygy dabaraly bellenildi.


161c2dc7f5f71d.jpeg
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň üstünlikleri

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ynamly ädimler bilen ösüşiň täze belentliklerine barýar. Muňa kärhananyň şu ýylda gazanýan üstünlikleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.


166e9786c6bfdf.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti we GFR-iň Kansleri döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar

Sişenbe güni Gazagystanda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçýän «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.