Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Fransiýa bardy

13:40 05.05.2025 3535

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/13934/original-16818bf6c236c8.jpg

5-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Fransiýa Respublikasyna ugrady diýip, TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Ýewropa ýurtlary, şol sanda Fransiýa Respublikasy bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. Iki ýurduň arasyndaky döwletara hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we düşünişmek esasynda alnyp barylýar.

Syýasy-diplomatik ulgamda hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde üstünlikli ösdürilýär. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler yzygiderli geçirilýär.

Birnäçe sagatdan soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň uçary Parižiň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen “Orly” Halkara howa menziline gelip gondy.

Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Fransiýa Respublikasynyň resmi adamlary, şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Fransiýanyň resmi wekili bilen söhbetdeş boldy.

Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Fransiýa bilen köp ýyllaryň dowamynda netijeli gatnaşyklary alyp barýandygyny, dürli ulgamlarda ýola goýlan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Nygtalyşy ýaly, bu sapar Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine kuwwatly itergi berer hem-de türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açar.

Başga makalalar
161c2dbcec21c6.jpeg
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 2000 dollardan geçdi

Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metri üçin 2000 dollardan geçdi.


16399511c55142.jpeg
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine

Siziň ähliňizi ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilýän hünär baýramyňyz — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


163980e7ea9db6.jpeg
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly bellenildi

Türkmenistanda 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 27 ýyllygy dabaraly bellenildi.


161c2dc7f5f71d.jpeg
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň üstünlikleri

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ynamly ädimler bilen ösüşiň täze belentliklerine barýar. Muňa kärhananyň şu ýylda gazanýan üstünlikleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.


166e9786c6bfdf.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti we GFR-iň Kansleri döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar

Sişenbe güni Gazagystanda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçýän «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.