Burawlaýjylaryň zähmet üstünligi

15:56 05.05.2025 3313

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/13936/original-16818aa742bbf2.jpg

«Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan ulanyş guýularynyň birbada birnäçesini burawlamak, gurluşygy bilen doly tamamlap ulanyşa girizmek boýunça düzülen iş meýilnamasyna laýyklykda, konserniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän gaz känlerindäki ulanyş-baha beriş guýularynda burawlaýyş işlerini üstünlikli alyp barýarlar. Olar täzelikde Ýylan gaz känindäki 03-nji ulanyş-baha beriş guýusyndan tebigy gazyň senagat taýdan ähmiýetli akymyny aldylar.

«Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary şu gaz guýusynda gaýratly hem tutanýerli zähmet çekip, guýynyň burawlaýyş işlerini iki müň sekiz ýüz ýetmiş bäş metr çuňluga ýetirdiler. Burawlaýjylar özlerine döwletimiz tarapyndan berilýän kömek-goldawlara hem-de burawlamakda toplanylan baý iş tejribesi arkaly önümli gatlagyň iki müň sekiz ýüz kyrk ýedi — iki müň sekiz ýüz kyrk dört metr çuňlukdaky aralygyndan atyş-partladyş usuly arkaly deşik deşme bilen tebigy gazyň ýokary basyşly akymyny aldylar. Bu guwandyryjy zähmet üstünligi burawlaýjylaryň birnäçe aýyň dowamynda egin-egne berip, agzybirlikli çeken zähmetiniň miwesidir. Guýudan alnan tebigy gazyň düzüminiň kükürt-wodorodsyz arassa bolmagy bu ýatagyň «mawy ýangyjynyň» esasy aýratynlygydyr. Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, ulanyş-baha beriş guýusy her gije-gündizde ýedi ýüz kyrk müň kub metr tebigy gaz berýär. Tebigy gazyň düzüminiň arassa bolmagy bu guýynyň «mawy ýangyjynyň» hili babatynda dünýä ölçegleriniň derejesine doly laýyk gelýänligini aňladýar. Bu gaz guýusynyň önüminiň ykdysady taýdan bähbidiniň ýokary boljakdygyny hünärmenler aýdýarlar.

«Guýuda burawlaýyş işleriniň üstünlikli geçirilmegine burawlaýjylarymyzyň her biri saldamly goşant goşdy. Guýynyň buraw işleriniň ýerine ýetirilmeginde altynjy hünär derejeli burawlaýjy Hojadurdy Geldiýew, burawlaýjynyň kömekçileri Hanguly Begenjow, Kuwwat Ammadow, dizel motorçy Agajan Gurbanow dagynyň has tapawutlanyp işländiklerini aýtmak gerek» diýip, buraw başlygy Arslan Meredow gürrüň berýär.

«Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan şu ýyly ajaýyp zähmet üstünliklerine beslemek üçin «Galkynyş» gaz känindäki ulanyş guýularynda-da burawlaýyş işlerini ýokary depginde alyp barýarlar. Bu işlerde hormatly Prezidentimiziň dünýäniň ösen döwletleriniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden satyn alyp berýän ýokary tehnologiýaly enjamlary giňden ulanylýar.

Başga makalalar
161c2dbcec21c6.jpeg
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 2000 dollardan geçdi

Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metri üçin 2000 dollardan geçdi.


16399511c55142.jpeg
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine

Siziň ähliňizi ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilýän hünär baýramyňyz — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


163980e7ea9db6.jpeg
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly bellenildi

Türkmenistanda 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 27 ýyllygy dabaraly bellenildi.


161c2dc7f5f71d.jpeg
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň üstünlikleri

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ynamly ädimler bilen ösüşiň täze belentliklerine barýar. Muňa kärhananyň şu ýylda gazanýan üstünlikleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.


166e9786c6bfdf.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti we GFR-iň Kansleri döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar

Sişenbe güni Gazagystanda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçýän «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.