TDHÇMB-niň söwdalarynda nebit bitumy we polipropilen ýerlenildi
11:38 05.05.2025 4270
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Serbiýanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine ýorgan-düşek daşlyklary, nah ýüplük, gazbeton bloklary, buýan köküniň ekstrakty, buýan köki we baldagy ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 1 million 652 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin bahasy 3 million manada deň bolan “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni satyn aldylar.
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 2000 dollardan geçdi
Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metri üçin 2000 dollardan geçdi.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine
Siziň ähliňizi ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilýän hünär baýramyňyz — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly bellenildi
Türkmenistanda 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 27 ýyllygy dabaraly bellenildi.
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň üstünlikleri
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ynamly ädimler bilen ösüşiň täze belentliklerine barýar. Muňa kärhananyň şu ýylda gazanýan üstünlikleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we GFR-iň Kansleri döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar
Sişenbe güni Gazagystanda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçýän «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.