Hökümet mejlisinde BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça halkara maslahatyna taýýarlyk maslahatlaşyldy
05:25 03.05.2025 5218
1-nji maýda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guraljak Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatyna taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garaldy.
Mejlisiň barşynda wise-premýer B.Amanow ýangyç-energetika toplumy tarapyndan BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, “Türkmengaz” döwlet konserniniň garamagyndaky ýörite gurnama dolandyryş edarasy tarapyndan halkara maslahatyň esasy we ugurdaş çäreleriniň geçiriljek ýeri bolan “Awaza” sport toplumynda gurluşyk, abatlaýyş we abadanlaşdyryş işleri alnyp barylýar.
Şunuň bilen bir hatarda, çäreleriň çäklerinde myhmanlara ýokary hilli hyzmatlary hödürlemek üçin syýahatçylyk zolagyndaky nebitgaz toplumyna degişli myhmanhanalarda, kottejler toplumynda tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görlüşi barada hem aýdyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny ýokary derejede geçirmek maksady bilen, «Awaza» sport toplumynda gurluşyk, abatlaýyş, abadanlaşdyrmak işleriniň alnyp barylýandygyny, bu işlere berk gözegçilik etmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutany wise-premýere «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda nebitgaz toplumyna degişli myhmanhanalarda taýýarlyk işlerini alyp barmagy hem tabşyrdy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň BMG bilen bilelikde guramagynda geçiriljek bu halkara maslahatyň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurly köp sanly çäreleriň guralmagy göz öňünde tutulýar.
Foruma hem-de onuň dowamynda geçiriljek ugurdaş çärelere deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň düzümine girýän 32 ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, 47 sany kiçi ada döwletleriniň, 49 sany az ösen ýurtlaryň ýokary derejeli wekiliýetleriniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň we onuň orunbasarlarynyň, birnäçe halkara, sebit guramalarynyň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, hususy pudagyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Mundan başga-da, Merkezi Aziýa döwletleriniň medeni çäreleriniň geçirilmegi boýunça degişli işler alnyp barylýar. Halkara maslahatyň Türkmenistanda guralýandygy bilen baglylykda, şol döwürde Merkezi Aziýanyň her bir ýurdunyň Awazada öz milli gününi geçirip, özboluşly medeniýetini, sungatyny, milli tagamlaryny görkezmegi göz öňünde tutulýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şu ýylyň awgustynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň esasy wakalarynyň biri boljakdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde geçiriljek bu halkara ähmiýetli foruma gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyny nygtady.
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 2000 dollardan geçdi
Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metri üçin 2000 dollardan geçdi.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine
Siziň ähliňizi ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilýän hünär baýramyňyz — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly bellenildi
Türkmenistanda 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 27 ýyllygy dabaraly bellenildi.
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň üstünlikleri
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ynamly ädimler bilen ösüşiň täze belentliklerine barýar. Muňa kärhananyň şu ýylda gazanýan üstünlikleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we GFR-iň Kansleri döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar
Sişenbe güni Gazagystanda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçýän «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.