Türkmenistanyň Prezidenti YHG-nyň Baş sekretary bilen energetika, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy

11:59 29.04.2025 2902

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/13894/original-1681066d252fd0.jpg

28-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow YHG-nyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad Majid Hany kabul etdi diýip, TDH habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Köp ýyllaryň dowamynda bu gurama bilen hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplandy. Şunuň bilen baglylykda, YHG-a agza döwletler bilen söwda-ykdysady, energetika, ulag, ekologiýa, syýahatçylyk, medeniýet ýaly ugurlarda gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde öňe sürülýän başlangyçlary goldap, özara bähbitli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar. Ýurdumyz bu gurama bilen söwda-ykdysady, aýratyn-da, energetika pudagynda gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyzyň mawy ýangyjyň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, şol sanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler bilen bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny belledi.

Geografik taýdan amatly ýerleşmegi Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamyny ilerletmek üçin berk esas bolup durýar. Ulagyň dürli görnüşleriniň arabaglanyşygynyň üpjün edilmegi bu ugurda uly ähmiýete eýedir.

Şoňa görä-de, köpugurly we sebit ähmiýetli Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy we ýurdumyzyň üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça taslamalara gatnaşmak babatda YHG-nyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.

Başga makalalar
161c2dbcec21c6.jpeg
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 2000 dollardan geçdi

Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metri üçin 2000 dollardan geçdi.


16399511c55142.jpeg
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine

Siziň ähliňizi ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilýän hünär baýramyňyz — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


163980e7ea9db6.jpeg
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly bellenildi

Türkmenistanda 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 27 ýyllygy dabaraly bellenildi.


161c2dc7f5f71d.jpeg
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň üstünlikleri

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ynamly ädimler bilen ösüşiň täze belentliklerine barýar. Muňa kärhananyň şu ýylda gazanýan üstünlikleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.


166e9786c6bfdf.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti we GFR-iň Kansleri döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar

Sişenbe güni Gazagystanda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçýän «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.