Türkmenistan özüne çekiji maýa goýum şertlerini döredýär – BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary

17:34 23.04.2025 5142

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/13843/original-16808c7b0e3b2a.jpg

2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumda (TEIF 2025) BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (ESKATO) ýerine ýetiriji sekretary, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Armida Salsiýa Alişahbana wideoýüzlenme bilen çykyş etdi.

Ol 2024-nji ýylda Demirgazyk we Merkezi Aziýa ýurtlaryna, şol sanda Türkmenistana gönükdirilen göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň möçberiniň ABŞ-nyň 31 milliard dollaryna ýetendigini aýtdy. Bu görkeziji sebitleriň halkara maýadarlar üçin artýan özüne çekijiligini aýdyň görkezýär.

“Howanyň üýtgemegi we sanly transformasiýa bilen baglylykda, ählumumy ykdysady ileri tutmalaryň üýtgemegi täzelenip bilýän energetika, ekologiýa taýdan arassa önümçilik, infrastruktura we sanly arabaglanyşyk ýaly ugurlar ep-esli maýa goýum mümkinçiliklerine eýe” diýip, ESKATO-nyň ýerine ýetiriji sekretary aýtdy.

Onuň bellemegine görä, “Türkmenistan bu ählumumy ugurlardan peýdalanmak üçin ähli mümkinçiliklere eýedir. Ýurduň baý tebigy serişdeleri, strategik ýerleşişi we ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek islegi, aýratyn-da Malaýziýa we ASEAN ýurtlaryndan täze bazarlary we hyzmatdaşlary gözleýän kompaniýalar üçin maýa goýumlary çekmäge amatly şertleri döredýär” diýip belledi.

Alişahbana Türkmenistanyň Merkezi Aziýada üstaşyr merkez hökmünde eýeleýän ornunyň söwda we energetika hyzmatdaşlygy üçin aýratyn mümkinçilikleri döredýändigini, bu mümkinçilikleriň esasan hem täzelenýän energetika we durnukly infrastruktura ugurlarynda örän ähmiýetlidigini aýtdy.

Onuň bellemegine görä, “Ýurduň howanyň üýtgemegine garşy göreş strategiýasy” hem-de “2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek boýunça Milli strategiýasy” Türkmenistanyň ekologiýa taýdan arassa ykdysadyýete geçmegi üçin anyk ýol kartasyny hödürleýär. Bu strategiýalar daşary ýurt maýadarlaryna ýel we Gün energiýasy, energiýa tygşytlaýjy infrastruktura we akylly energiýa ulgamlary ýaly ugurlarda taslamalara gatnaşmak üçin mümkinçilik berýär” diýip aýtdy.

Alişahbana göni maýa goýumlary çekmek arkaly Türkmenistanyň senagat binýadyny döwrebaplaşdyryp, ykdysadyýetini diwersifikasiýa edip we sebit hem-de ählumumy üpjünçilik zynjyrlarynda ornuny berkitjekdigini nygtady.

Şeýle hem ol ESKATO-nyň Türkmenistanyň we Malaýziýanyň göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek ugrunda edýän bilelikdäki tagallalaryny goldamaga taýýardygyny aýtdy.

Başga makalalar
161c2dbcec21c6.jpeg
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 2000 dollardan geçdi

Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metri üçin 2000 dollardan geçdi.


16399511c55142.jpeg
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine

Siziň ähliňizi ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilýän hünär baýramyňyz — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


163980e7ea9db6.jpeg
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly bellenildi

Türkmenistanda 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 27 ýyllygy dabaraly bellenildi.


161c2dc7f5f71d.jpeg
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň üstünlikleri

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ynamly ädimler bilen ösüşiň täze belentliklerine barýar. Muňa kärhananyň şu ýylda gazanýan üstünlikleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.


166e9786c6bfdf.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti we GFR-iň Kansleri döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar

Sişenbe güni Gazagystanda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçýän «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.